Prezident Erdogan ertir ABŞ-na gider

Prezident Erdogan ertir ABŞ-na gider

Sammitiň çäginde agza ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlary bilen duşuşyklar geçirjek prezident Erdogan, şeýle hem ikiçäk duşuşyklar geçirmegine garaşylýar.

Sammitiň ilkinji güni bolan 9-njy iýulda 75-nji ýyl bilen bagly hatyralama programmasy geçiriler. Prezident Erdogan hem şol programma gatnaşar.

Prezident Erdogan çarşenbe güni 32 agzaly alýansyň döwlet we hökümet baştutanlarynyň maslahatyna gatnaşar.

Şol gün agşam agza ýurtlaryň liderleri we ýoldaşlary, ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýdeniň Ak Tamda berjek agşam naharynda bir ýerde jemlenişerler.

Liderler penşenbe güni bolsa NATO-Ukraina geňeşiniň maslahaty üçin bir ýere jemlenerler.

Prezident Erdogan sammitiň çäginde köp sanda ikiçäk duşuşyklar geçirer.

Erdogan geçirjek ikiçäk duşuşyklarynda kärdeşlerine Ysraýylyň Gazada alyp barýan gyrgynçylygyny bes etmegi we hemişelik parahatçylygyň ýola goýulmagy üçin zerur bolan başlangyçlaryň amala aşyrylmagynyň üstünde durup geçer.

Prezident Erdogan Waşingtondan Türkiyä dönmeden ozal metbugat ýygnagyny geçirer.

NATO şu ýyl geçirjek sammitinde alýansa agza döwletleriň howpsuzlyk meselelerini maslahatlaşar.

Sowuk uruşdan bäri dünýäniň iň uly howpsuzlyk synaglaryndan geçilýän bu döwürde agza ýurtlaryň goranyş bilen bagly çäreleri ele alynar.

Ýene degişli makalalar

Prezident Erdogan şu gün ABŞ-na gider
NATO iň çylşyrymly döwrüni başdan geçirýär
75-nji ýylynda NATO
Kurtulmuş Ukrain Kärdeşi Bilen Duşuşdy
NATO Sammiti Başlady
NATO-nuň Waşington Sammitiniň Jeýleýji Jarnamasy Çap Edildi