Prezident Erdogan Diýarbakyra Gitdi

Prezident Erdogan Diýarbakyra Gitdi

Prezident R. T. Erdogan, 6-njy fewralda güýç merkezi Kahramanmaraşda we 10 welaýatda uly ýitgi çekilmegine sebäp bolan 7,7 we 7,6 bal ululygyndaky ýer titremelerinden soň guraýan iş saparyny dowam etdirýär.

Prezident Erdogan şol çäkde Diýabarkyra gitdi.

8-nji fewralda Kahramanmaraşda we Pazarjyk etrabynda, Hataýda we Iskenderun etraby bilen Adanada, penşenbe güni Gaziantepde, Kilisde we Osmaniýede saparda bolan Erdogan, düýn hem ýer titremesinde uly ýitgi çeken Adyýamanda we Malatýada saparda bolup, gözleg we halas ediş işleri hem-de kömekler hakynda maglumat aldy.

Prezident Erdogan şu gün hem Ankaradan Diýarbakyra uçdy.

Prezident Erdoganyň Diýarbakyrdan soň Şanlyurfa welaýatyna barmagyna garaşylýar.

Ýene degişli makalalar

Germaniýanyň Prezidenti Türkiýede Saparda Bolar
Germaniýanyň Prezidenti Ankarada Saparda Bolar
Siriýadan Türkiýä Taryhy Sapar Guraldy
Erdogan-Şara Duşuşygy Dünýäniň Gün Tertibinde…
Erdogan Türkiýäniň “Täze Aziýa Başlangyjynyň” çäginde Malaýziýa, Indoneziýa we Pakistana sapar edýär
Türkiyäniň Prezidenti Müsüriň Daşary işler ministrini kabul etdi
Siriýadan Türkiýä Ýokary Derejeli Sapar Guralar