Prezident Erdogan daşary ýurtly liderler bilen ikiçäk duşuşyklar geçirýär

Prezident Erdogan daşary ýurtly liderler bilen ikiçäk duşuşyklar geçirýär

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasyndan berilen beýanata görä, Erdogan şu gün NATO-nyň Liderler maslahatynyň 1-nji maslahatynda çykyş eder. Erdogan şu gün şeýle hem resmi agşam naharynda liderler bilen duşuşyk geçirer.

Prezident Erdogan ertir bolsa NATO-nyň Liderler maslahatynyň 2-nji maslahatynda NATO-Ukraina Komissiýasynyň Döwlet we hökümet baştutanlarynyň maslahatyna gatnaşyp, ol ýerde çykyş eder.

Sammitiň çäginde ikiçäk duşuşyklar hem geçirýän Erdogan häzirki wagta çenli Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron we Beýik Britaniýanyň Premýer ministri Rişi Sunak bilen duşuşyk geçirdi. Prezident Erdogan şu gün şeýle hem Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şols we ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden bilen duşuşyk geçirmegi meýilleşdirilýär.

Erdoganyň ertir bolsa Gresiýanyň Premýer ministri Kirýakos Misotakis we Italiýanyň Premýer ministri Jorjiýa Meloni bilen ikiçäk duşuşyk geçirmegi meýilleşdirilýär, sammitiň tamamlanmagyndan soň sammitde metbugat ýygnagyny geçirmegi göz öňünde tutulýar.

Ýene degişli makalalar

Prezident Erdogan Waşingtonda Möhüm Duşuşyklar Geçirdi
75-nji ýylynda NATO
Türkiyäniň Baş Ştabynyň başlygy NATO maslahatyna gatnaşdy
Hindistanyň premýer ministri Russiýada saparda bolýar
Prezident Erdogan şu gün ABŞ-na gider
Prezident Erdogan gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýannama berdi
Russiýa-Ukraina uruşy dowam edýär