Prezident Erdogan daşary ýurtly ilçileri kabul etdi

Türkiyäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan Indoneziýanyň Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Ahmad Rizal Purnamany, Wenesuelanyň Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Freddy Eduardo Molina Gutierrezi we Kanadanyň Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Kewin Dewid Hamiltony kabul etdi.

Paýtagt Ankara şäherinde Prezidentiň kompleksinde bolan duşuşykda Indoneziýanyň, Wenesuelanyň we Kandanyň ilçileri Prezident Rejep Taýýip Erdogana ynanç hatlaryny gowşurdylar.

Ilçiler duşuşykda maşgalalaryny we ilçihananyň käbir işgärlerini Prezident Erdogan bilen tanyşdyrdylar. Erdogan ilçiler we ýanyndaky wekiliýet bilen ýadygärlik surata düşdi.

Prezident Erdogan ondna soň Indoneziýanyň Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Ahmad Rizal Purnamany, Wenesuelanyň Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Freddy Eduardo Molina Gutierrezi we Kanadanyň Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Kewin Dewid Hamiltony aýry aýry kabul etdi.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatlylara maýyllyk getiren "Bahar ylhamy"
0,005 sekunt öň gelip, altyn medala mynasyp boldy
Ukrainanyň Prezidenti Galla ylalaşygy bilen bagly beýannama berdi
Türkmenistanly dzýudoçy Portugaliýa Gran-prisinde ilkinji bäşlige düşdi
Daşary İşler Ministri Mewlüt Çawuşogly Zimbabwede Saparda Bolýar
Daşary Işler Ministri Çawuşogly Zimbabwä Bardy