Prezident Erdogan daşary ýurtly ilçilerden ynanç hatlaryny kabul etdi

Türkiyäniň prezidenti Rejep Taýýip Erdogan Maldiwleriň Ankara şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Abdul Latheefi, Daniýanyň Ankara şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Ole Tofty, Şweýsariýanyň Ankara şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Giýom Bertran Şereri, Gananyň Ankara şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Nikolas Piter Andohy, Germaniýanyň Ankara şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Sibilla Katarina Sorgy we Latwiýanyň Ankara şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Bahtidžor Hasansy kabul etdi.

Prezidentiň kompleksinde geçen duşuşykda ilçiler prezident Erdogana ynanç hatlaryny gowşurdylar.

Ilçihananyň käbir işgärlerini we maşgalalaryny tanyşdyran ilçiler, prezident Erdogan bilen ýadygärlik surata düşdiler.

Kabul edilşikde Germaniýanyň ilçihanasynyň harby attaşesi ştab-polkownik Frenk Kammer prezident Erdogana türk dilinde salam berdi.

Prezident Erdogan ondan soň bolsa ilçiler Abdul Latheefi, Ole Tofty, Giýom Bertran Şereri, Nikolas Piter Andohy, Sibilla Katarina Sorgy we Bahtidžor Hasansy aýry aýry kabul etdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary owgan meselesine bagyşlanan duşuşyga gatnaşdy
Süleýman Muhadow Täjigistanyň futbol çempionatyndaky ilkinji duşuşygyny geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministriniň wezipesini ýerine ýetirijini kabul etdi
Serdar Berdimuhamedow Özbegistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Gazagystanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Ýewro-2024-iň saýlamasynda Daniýany utdy
Türki Döwletleriň Guramasy Biziň Iň Uly Arzuwymyzdy