Prezident Erdogan Bütindünýä Hökümet sammitine wideo ýüzlenme ugratdy

Prezident Erdogan Bütindünýä Hökümet sammitine wideo ýüzlenme ugratdy

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, 6-njy fewralda Kahramanmaraş welaýatynda başdan geçirilen we ýurduň 10 welaýaty bilen Siriýa täsir ýetiren 7,7 we 7,6 bal ululygyndaky ýer titremelerden soň, gözleg we halas ediş toparlarynyň harabalyklaryň aşagyndan diri ýagdaýda çykaran adamlaryň sanynyň 8 müňden geçendigini habar berdi.

Prezident Erdogan BAE-de geçirilýän Bütindünýä Hökümet sammitine ugradan wideo ýüzlenmesinde, Türkiyäniň 6-njy fewralda duşenbe güni yzly-yzyna başyndan geçiren 7,7 we 7,6 bal ululygyndaky 2 aýry ýer titreme bilen sarsylandygyny ýatladyp: "13,5 million raýatymyzyň ýaşaýan 10 welaýatymyzda, 500 km ind meýdanda täsirli bolan ýer titremeler, gynansagam uly weýrançylyga sebäp boldy. Ýer titremeleriň bolan goňşy şäherler bilen birlikde tebigy apatyň täsir ýetiren ilat sany 20 million adama golaýlady.

Alymlar şol ýer titremeleriň netijesinde ýüze çykan energiýanyň, 500 atom bomba güýjündedigini beýan edýärler.Diňe ýurdumyzyň däl, eýsem adamzat taryhynyň iň uly tebigy apatlarynyň biri bilen ýüz-ýüzediris.

Asyryň Betbagtçylygy hökmünde häsýetlendirilýän bu ýer titremelerde ýumrulan müňlerçe binanyň harabalyklaryny galdyrdygymyz saýyn, gynansagam adam pidalarynyň sany artýar. Ýer titremeden ýaraly ýagdaýda halas bolan 81 müňden gowrak raýatymyzyň uly bir bölegini bejergi etdik.

Galan adamlaryň bejergileri bolsa dowam edýär.Gözleg we halas ediş toparlarymyzyň harabalyklaryň aşagyndan diri ýagdaýda çykaran raýatlarymyzyň sany 8 müňden geçdi" diýip habar berdi.

Prezident Erdogan ýer titremäniň ilkinji pursatlaryndan başlap döwletiň we milletiň ähli mümkinçilikleri bilen tebigy apat zolagy üçin işe girişendigini, halkara kömegi öz düzüminde jemleýän adatdan daşary ýagdaý yglan edendiklerini, ýer titreme sebitinde adatdan daşary ýagdaý dolanşygyny başladandyklaryny mälim etdi.

Döwletiň ähli guramadyr-edaralary bilen raýat jemgyýetçilik guramalarynyň we meýletinleriň, ýer titremede zyýan çeken adamlara kömek bermek üçin uly tagalla edýändigini aýdan Prezident Erdogan: "Bir tarapdan gözleg we halas ediş işlerini alyp barýarys, beýleki tarapdan çadyr, konteýner we gurnama öýleriň gurluşygyny tizleşdirýäris.

Nesip bolsa örän ýakyn wagtda ýumrulan şäherlerimizi ýaňdandan gurmak we dikeltmek işlerini başladarys.Türk Döwleti hökmünde bu tebigy apatyň ýaralaryny milletimiz bilen bilelikde egin-egine durup iň gysga wagtda bejereris" diýip aýan etdi.

Prezident Erdogan sammite ýer eýeçiligini eden BAE başda bolmak bilen 100-den gowrak ýurtdan berilen goldawlara we duýgudaşlyk ýüzlenmelerine minnetdarlyk bildirdi.

Ýene degişli makalalar

Russiýanyň Ukrainanyň Poltawa şäherine guran hüjüminde ýogalan adamlaryň sany artdy
Türkiye Nebit Pudagy Boýunça Maksatnamalaryny Artdyrdy
21-nji fewralda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Dekabrda Dragon Oil Hazaryň türkmen bölegindäki 19-njy bloguň ilkinji guýusynda gözleg işlerine başlar
Ermenistanda Partlama Boldy
Taýlantda fabrikleriň birinde partlama boldy
Türkmenistan bilen Eýranyň Baştutanlarynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy, Türkmenbaşy we Balkanabatda S7 awiakompaniýasynyň petekleriniň satuwy ýola goýuldy, Türkmenistanyň wekili ilkinji gezek Aziýanyň Tennis federasiýasynyň direktorlar ge