Prezident Erdogan Bruneýiň Soltany Waddaulah bilen duşuşyk geçirdi

Prezident Erdogan Bruneýiň Soltany Waddaulah bilen duşuşyk geçirdi

Prezident Erdogan Türkiyä resmi sapar guran Bruneýiň Soltany Waddaulah bilen paýtagt Ankara şäherindäki Prezidentiň kompleksinde duşuşyk geçirdi.

Iki lider ilki bilen ikiçäk, soň bolsa toparara gepleşiklere ýolbaşçylyk etdiler. Geçirilen gepleşiklerde gün tertibiniň ileri tutulýan global meseleler ara alynyp maslahatlaşyldy.

Prezident Erdogan geçirilen duşuşykda Palestina, Rohingýa, Yslam duşmançylygy ýaly meseleler bilen Ukraina söweşini ele alandyklaryny, ASEAN we Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy başda bolmak bilen sebitleýin we halkara platformalarda hyzmatdaşlygy artdyrmagyň ähmiýetiniň üstünde durup geçendiklerini habar berdi.

Prezident Rejep Taýýip Erdogan 6-njy fewralda başdan geçirilen we ýurduň 11 welaýatyna täsir ýetiren ýer titremelerden soň Bruneý Soltanlygynyň beren goldawlaryny ýatdan çykarmajakdyklaryny habar berdi.

Bruneýiň Soltany Waddaulah hem Palestina goldaw ýüzlenmesini berip: "Bruneý Palestina bilen raýdaşlyk içindedir we Ysraýylyň hüjümlerini ýazgarýar" diýip belledi.

Duşuşyklaryň ahyrynda 5 aýry ylalaşyk resminamasyna gol çekişildi.

Türkiye bilen Bruneýiň arasyndaky gatnaşyklaryň has hem güýçlenjekdigini aýdan Bruneýiň Soltany Waddaulah, Asyryň betbagtçylygy sebäpli Türkiyä raýdaşlyk ýüzlenmesini berdi.

Waddaulah: "Bruneý hemişe Türkiye bilen raýdaşlyk içindedir. Islendik ýagdaýda goldaw bermäge taýardyr, hökümediň tagallalary bilen we türk raýatlaryň çydamlylygy we güýji bilen Türkiye şol tragediýanyň hötdesinden geler we hatda has güýçli ýagdaýa geler" diýip nygtady.

Ýene degişli makalalar

ABŞ-ASEAN ýurtlarynyň gatnaşyklarynda täze döwür
Çawuşogly Kambojada IV ASEAN-Türkiýe Pudaklaýyn dialog hyzmatdaşlygyň 3-nji maslahatyna gatnaşdy
ASEAN-yň daşary işler ministrleriniň maslahaty
Lawrow we Bruneýiň daşary işler ministri zenanlar hem-de erkekler barada degişdiler
Kambojanyň paýtagtynda ASEAN-yň 40-njy we 41-nji sammitleri açyldy
Hytaý: "AUKUS ylalaşygy ýadro ýaraglanmany artdyryp biler"
Iň uly erkin söwda zolagy