Prezident Erdogan BRICS-iň Liderler Sammitine Gatnaşar

Prezident Erdogan BRICS-iň Liderler Sammitine Gatnaşar

Prezident R. T. Erdogan ertir Kazanda geçiriljek BRICS -e agza ýurtlaryň 16-nji liderler sammitine gatnaşar.

Erdogan Tatarystanyň paýtagty Kazanda geçiriljek sammitiň çäginde sammite gatnaşýan ýurtlaryň liderleri bilen duşuşar.

Oktýabr aýynyň 22-24-i aralygynda geçiriljek sammitde bileleşigiň giňelmegi bilen birlikde ykdysadyýet, tehnalogiýa we azyk söwdasy ýaly birnäçe mesele gün tertibine getirler.

BRICS, Braziýa, Russiýa, Hindistan, Hytaý we Günorta Afrika tarapyndan 2010-njy ýylda döredilýär.

Wagtyň geçmegi bilen Müsür, Efiopiýa, Eýran, Saud Arabystany we Birleşen Arap Emirlikleri bileleşige agza bolýar.

BRICS-e agza10 ýurduň ilaty 3,5 milliard. Dünýäniň ilatynyň 45 göterimine eýe.

Ýene degişli makalalar

Prezident Erdogan BRICS-iň Liderler Sammitine Gatnaşmak Üçin Tatarystana Gider
Putin Bilen Kurtulmuş Aşgabatda Duşuşdy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türki döwletleriň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary
Kazanda BRIKS guramasynyň sammiti geçýär
Kazanda BRICS-iň sammiti başlaýar