G-20-niň liderler sammitine gatnaşmak üçin Braziliýa giden Prezident R. T. Erdogan kärdeşi Lula da Silwa bilen duşuşdy.
Prezident Erdogan, Kopakabana galasynda bolan duşuşykda, Türkiýe bilen Braziliýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň strategik hyzmatdaşlyk derejesine göterilmegi üçin tagalla etmäge dowam etjekdiklerini aýtdy.
Erdogan, Braziliýanyň Ysraýylyň hüjümlerine garşy durýandygyny, Ysraýyla ýarag we harby enjam satuwynyň bökdelmegi üçin BMG derejesinde tagalla başladan Türkiýäniň, Palestinada yzygiderli parahatçylygyň üpjün edilmegi, halka ynsanperwer kömeginiň ýetirilmegi we iki döwletli çözgüt üçin elinden geleni etmäge dowam etjekdigini nygtady.
BMG-nyň Gazanyň başda durmagynda dünýäni çaknyşyklaryň öňüni alyp bilmändigini we krizisleri çözüp bilmändigini aýdan Erdogan, Braziliýanyň G-20-niň döwürleýin ýolbaşçylygy döwründe Global dolandyryş reformasyny gün tertibine getirmeginiň diýseň ýerliklidigini ýatlatdy.