Prezident Erdogan Braziliýaly Kärdeşi Bilen Duşuşdy

Prezident Erdogan Braziliýaly Kärdeşi Bilen Duşuşdy

G-7-niň liderler maslahatyna gatnaşmak üçin Italiýa giden Prezident R. T. Erdogan, iş saparynyň çäginde Braziliýanyň Prezidenti Luis Inasio Lula da Silwa bilen duşuşdy.

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasyndan berlen beýannama görä, Prezident Erdogan Italiýanyň Borgo Egnazia sebitinde geçirlen G-7-niň liderler maslahatynyň çäginde kärdeşi Lula da Silwa bilen bolan duşuşygynda, Türkiýe bilen Braziliýanyň arasyndaky özara gatnaşyklar, Ysraýylyň Gazada edýän gyrgynçylygy we şol gyrgynçylygyň bes edilmegi üçin edilýän tagallalar bilen halkara meseleler hakynda pikir alyşdy.

Prezident Erdogan duşuşykda Ysraýylyň soňky döwürde ýalňyz galandygyny we zulumyň bes edilmegi üçin Ysraýyla edilýän gysyşyň dowam etdirilmelidigini nygtady.

Italiýa guran iş saparyny tamamlan Prezident Erdogan yzyna dolanyp geldi.

Ýene degişli makalalar

Türkiýe- Müsür Gatnaşyklary
Türk metbugatynyň gysagaça mazmuny
Prezident Erdogan Liwanyň premýer ministri bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
Türkiyäniň prezidenti BMG-nyň Baş Assambleýasynda çykyş eder
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny