Prezident Erdogan Bosniýa-Gersegowinada Saparda Bolýar

Prezident Erdogan Bosniýa-Gersegowinada Saparda Bolýar

Resmi sapar bilen Bosniýa-Gersegowina giden Prezident R. T. Erdogan, howa menzilinde Bosniýa-Gersegowinanyň Howpsyzlyk ministri Selmo Çikiotiç, Saraýewonyň şäher häkimi Benžamin Karaiç we Türkiýäniň Bosniýa-Gersegowinadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sadyk Babür tarapyndan garşylandy.

Kowaçi şehitligine baran Prezident Erdogan, garaşsyz Bosniýa-Gersegowinanyň ilkinji Prezidenti Aliýa Izzetbegowiçiň gubyryna gül desselerini goýup doga etdi.

Bosniýa-Gersegowina Yslam bileleşigine hem baran Prezident Erdogan, Saraýewo şäherindäki taryhy bazara hem baryp gördi.

Başçarşy meýdanynda jemlenen saraýewolylar tarapyndan dabaraly ýagdaýda garşylanan Erdogan, Gaznalar Baş müdürligi tarapyndan abatlanan Başçarçy metjidiniň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Saparyň çäginde Bosniýa-Gersegowiýanyň Prezidiumynyň Başlygy Seliko Komsij, Prezidiumyň agzalary Şefik Jaferowiç we Milorad Dodik bilen geçiriljek duşuşyklarda Türkiýe bilen Bosniýa-Gersegowinanyň arasyndaky özara gatnaşyklaryň ähli taraplaýyn seljerilip, bar bolan hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagy hakynda pikir alyşylar.

Ýene degişli makalalar

Bosniýa-Gersegowinanyň Prezidium Geňeşiniň Başlygy Türkiýede Saparda Bolýar
Aliýa Izzetbegowiç
Prezident Erdogan Bosniýa-Gersegowinanyň Mejlisiniň Başlygyny Kabul Etdi
Türkmen wekiliýeti halkara parlament forumyna gatnaşar
ABŞ-da 700-den gowrak Kaýl atlylar dünýä rekordyny goýup bilmedi
Ministr Kajyr Saraýewoda Saparda Boldy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny