Prezident Erdogan, Bolgariýa Gynanç Bildirdi

Prezident Erdogan, Bolgariýa Gynanç Bildirdi

Prezident R. T. Erdogan, bolgar halkyna ýangynlar sebäpli gynanç bildirdi.

Prezident Erdogan, ýurdunyň Swilengrad sebitinde bolan ýangynyň gözegçilik astyna alynmagyna goldaw berendigi sebäpli Türkiýä sag bolsun aýdan Bolgariýanyň Prezidenti Rumen Radewe sosial media arkaly jogap berdi.

Prezident Erdogan sosial media arkaly beren habarnamasynda bolgar kärdeşiniň ýüzlenmesine ünsi çekmek bilen “Gadyrly kärdeşim, tokaý ýangynlaryna garşy göreşmek her birimiziň esasy jogapkärçiliklerinden biri. Türkiýe dostlary bilen arkalaşykly hereket etmäge dowam eder. Size we bolgar halkyna öz adymdan we milletimiň adyndan geçdigi bolsun diýýärin” diýdi.

Ýene degişli makalalar

Özbegistan Türkiýä Gynanç Bildirdi
Dünýä Ýurtlary Liža Merkezinde Bolan Ýangyna Gynanç Bildirýär
Tokaýew Myhmanhanada Bolan Ýangyna Gynanç Bildirdi
Türkiýe ABŞ-na Gynanç Bildirdi
Türkiýe Gwatemala Gynanç Bildirdi
Türkiýe ABŞ-na Gynanç Bildirdi