Prezident Erdogan telefon söhbetdeşliginde Siriýadaky konfliktde sowukganlylyk bilen dolandyrylýan täze bir etaba gelinendigini, Siriýanyň has uly durnuksyzlygy başdan geçirmezliginiň we asuda ilat ýitgileriniň çekilmezliginiň Türkiyäniň iň uly arzuwydygyny beýan etdi.
Häzirki tapgyrda Siriýanyň režiminiň tutanýerlilik bilen hemmetaraplaýyn syýasy çözgüt tapmak üçin öz halky bilen gatnaşykda bolmagynyň zerurdygyny aýdan prezident Erdogan, Türkiyäniň dartgynlylygy peseltmek, asuda ilaty goramak we syýasy tapgyryň öňüni açmak üçin tagalla edýändigini we olary mundan soň hem dowam etdirjekdigini habar berdi.