Prezident Erdogan BMG-nyň Baş Assambleýasynda çykyş eder

Prezident Erdogan BMG-nyň Baş Assambleýasynda çykyş eder

Prezident Erdoganyň BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasyndaky çykyşynyň gün tertibiniň ileri tutulýan ugry Ysraýylyň Gaza garşy hüjümleri bolar.

Erdogan halkara jemgyýetçiligini Ysraýylyň hüjümlerine garşy durmaga çagyrar.

Erdogan sammitiň çäginde döwlet we hökümet baştutanlary bilen duşuşyklar geçirer.

Her ýyl dünýä liderlerini ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde bir ýere jemleýän BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasy 22-nji sentýabrda "Geljegiň sammiti" bilen açylar.

Ýokary derejeli hepde diýlip atlandyrylýan we ýolbaşçylaryň çykyşlaryna ýer eýeçiliginiň ediljek sessiýa 24-nji sentýabrda başlar.

BMG-nyň 79-njy Baş Assambleýasynda Prezident Rejep Taýyp Erdoganyň birinji gün, üçünji bolup çykyş etmegine garaşylýar.

Baş Assambleýa 190 ýurtdan ýokary derejeli gatnaşyga garaşylýar.

Ýene degişli makalalar

Türkiyäniň prezidenti BMG-nyň Baş Assambleýasynda çykyş eder
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
'Gorky şalygynda zor bilen ýitirim edilenleriň ykbaly' hukuk bozulmalarynyň gerimini açyp görkezýär
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny