Prezident Erdogan Bangladeşe Gynanç Bildirdi

Prezident Erdogan Bangladeşe Gynanç Bildirdi

Prezident R. T. Erdogan, Bangladeş Halk Respublikasynyň wagtlaýyn hökümetiniň kömekçisi Muhammed Ýunus bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Prezident Erdogan bilen Muhammed Ýunus telefon söhbetdeşliginde Bangladeşde başdan geçirlen sil apaty we Türkiýe bilen Bangladeşiň arasyndaky özara gatnaşyklar bilen birlikde halkara we sebitara meseleler hakynda pikir alyşdy.

Bangladeşde başdan geçirlen sil apatyna gynanç bildiren Prezident Erdogan, ýogalanlara rehnet, hossarlaryna sabyr diledi.

Prezident Erdogan Türkiýäniň bangladeşiň halkyna goldaw bermäge dowam etjekdigini belledi.

Türkiýe bilen Bangladeşiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ähli taraplaýyn ösýändigini nygtan Erdogan, wagtlaýyn hökümet tarapyndan geçiriljek saýlawlaryň bangladeşiň halky üçin düşümli bolmagyny diledi.

Prezident Erdogan telefon söhbetdeşliginde Muhammed Ýunusa wezipesinde rowaçlyk arzuw etdi.

Bangladeşde 20-njy awgustda aşa köp ýagan ýagyşlar bilen gelen sil 27 adamyň ýogalmagyna sebäp bolupdy.

Ýene degişli makalalar

Nobel baýragynyň eýesi wagtlaýyn hökümetiň başlygy boldy
Nobel Parahatçylyk Baýragynyň Eýesi Muhammed Ýunus, Bangladeşiň Wagtlaýyn Premýer-ministri Boldy
Prezident Erdogan Müsüre Gitdi
Mýanmadaky çaknyşyk arakanly musulmanlaryň Bangladeşe gaçmagyna sebäp bolýar
Türkmenistan syýahatçylyk ministrleriniň Yslam konferensiýasynyň XII mejlisine gatnaşdy
Türkmenistanyň 17 ýaşa çenli futbol ýygyndysynyň Aziýanyň kubogy ― 2025-iň saýlama tapgyryndaky garşydaşlary belli boldy