Prezident Erdogan BAE-niň Döwlet baştutany bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Prezident Erdogan BAE-niň Döwlet baştutany bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Telefon söhbetdeşliginde Türkiye bilen BAE-niň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar, Siriýadaky we Palestinadaky ýagdaý, sebitleýin we global meseleler ara alynyp maslahatlaşyldy.

Erdogan telefon söhbetdeşliginde tapawutly etniki we dini toparlaryň asudalyk içinde ýaşaýan Siriýanyň dikeldilmegi üçin ýurtda jebisligiň üpjün edilmeginiň ähmiýetini nygtap geçdi.

Prezident Erdogan Türkiyäniň Siriýada iş alyp barýan terror guramasy PKK/ÝPG-niň sebitdäki kürtleriň wekili we söhbetdeş boljak tarap hökmünde kabul etmejekdiklerini, DAIŞ-iň hem sebitdäki bulam-bujarlykdan peýdalanmagynyň öňüne geçilmeginiň we Ysraýylyň häzirki ýagdaýdan peýdalanyp, Siriýadaky täze tapgyra ýaramaz täsir ýetirmeginiň öňüniň alynmagynyň zerurdygyny beýan etdi.

Prezident Erdogan Türkiyäniň Palestinada dowam edýän gyrgynçylygyň iň gysga wagtda bes edilmegi üçin tagalla etmäge dowam etjekdiklerini habar berdi.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
“Geçiş Etabynda Siriýanyň Halkyna Goldaw Bereris”
Hakan Fidan Siriýada Saparda Boldy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny