Prezident Erdogan azerbaýjanly kärdeşi Aliýew bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Prezident Erdogan azerbaýjanly kärdeşi Aliýew bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Erdogan-Aliýew telefon söhbetdeşliginde Türkiye bilen Azerbaýjan ikitaraplaýyn gatnaşyklary, sebitleýin we global meseleler ara alynyp maslahatlaşyldy.

Ilham Aliýew tokaý ýangynlary zerarly prezident Erdogana gynanç bildirdi.

Ilham Aliýew tokaý ýangynlaryna garşy göreşde Azerbaýjanyň her dürli goldawy bermäge taýardygyny, şol çäkde bir ýangyn söndürme uçarynyň Türkiyedäki ýangyn söndürme işlerine gatnaşmagy üçin görkezme berendigini mälim etdi.

Prezident Erdogan hem Azerbaýjanyň halkynyň goldawyna minnetdarlyk bildirip, Türkiye bilen Azerbaýjan doganlygynyň bular ýaly günlerde has hem berkeýändigini habar berdi.

Türkiyäniň daşary işler ministrligi hem X sosial media platformasyndan Azerbaýjana minnetrdarlyk bildirdi.

Beýanatda: "Ýurdumyzdaky tokaý ýangynlaryny söndürmek işlerine berýän gymmatly goldawlary üçin Azerbaýjana minnetdarlyk bildirýäris" diýip habar berildi.

Ýene degişli makalalar

Aliýew Bilen Erdogan Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Ilham Aliýew Bilal Erdogany kabul etdi
Prezident Erdogan alžirli kärdeşi Tebbuny gutlady
Türkiye Ysraýylyň daşary işler ministrine reaksiýa bildirdi
Prezident Erdogan, Saud Arabystanyň Mirasdar Şazadasy Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Anytkabire zyýarat etmäge gelýän adamlaryň sany artýar