Prezident Erdogan Azerbaýjana Gynanç Bildirdi

Prezident Erdogan Azerbaýjana Gynanç Bildirdi

Azerbaýjanyň paýtagty Bakudan Russiýanyň Grozni şäherine gitmek üçin uçan Azerbaýjanyň Howa ýollaryna degişli ýolagçy uçary, Gazagystanyň Aktau şäheriniň golaýynda heläkçilige uçrady.

Ilkinji kesgitlemelere görä, uçaryň guş sürüsüne kakandan soň gyssagly gonmak isländigi nygtaldy.

Ýere gaçan uçaryň ýanandygy habar berildi.

62 ýolagçysy we 5 ekipažy zolan uçardan ilkinji kesgitlemelere görä 2-i çaga 32 adam halas edildi.

Azerbaýjanda we Gazagystanda uçar heläkçiligi sebäpli 1 günlük milli ýas yglan edildi.

Prezident R. T. Erdogan, Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Erdogan, Gazagystanda bolan uçar heläkçiligi sebäpli Aliýewe gynanç bildirdi.

Türkiýäniň Daşary işler ministrligi hem heläkçilige uly gynanç bildirýändiklerini mälim edipdi.

Daşary işler ministrliginden berlen beýannamada, “Heläkçilikde ýogalanlara Alladan rehnet, hossarlaryna gynanç we ýaralananlara gyssagly şypa dileýäris, azerbaýjanly we gazagystanly doganlarymyza ähli taraplaýyn kömek berler” diýildi.

Ýene degişli makalalar

Türkiýe Gwatemala Gynanç Bildirdi
Eýranyň Prezidentiniň Ýogalmagyna Uly Gynanç Bildirilýär
Türkmenler azeri halkyna duýgudaşlyk bildirýär, uçar heläkçiligi boýunça halkara derňewini nygtaýar
Uçar Heläkçiliginden 32 Adam Halas Boldy
Azerbaýjanyň Howa Ýollaryna Degişli Ýolagçy Uçary Heläkçilige Uçrady
Garabogazda ýol heläkçiliginde Ýokary gözegçilik edarasynyň iki işgäri heläk boldy