Prezident R. T. Erdogan, Ysraýylyň Günbatar Şeriadaky basyp alyşlygyna garşy parahatçylykly maksatly geçirlen protest ýörişine görkezen garşylygyny näletleýändiklerini aýtdy.
Prezident Erdogan, sosial mediadan beren habarnamasynda, “Ysraýylyň Günbatar Şeriadaky basyp alyşlygyna garşy parahatçylykly maksatly geçirlen protest ýörişine görkezen garşylygyny näletleýärin. Ysraýylyň protestçylara garşy od açmagy sebäpli ýogalan raýatymyz Aýşenur Ezgi Eýgä Alladan rehnet dileýärin” diýdi.
Prezident Erdogan habarnamasynda, “Türkiýe hökmünde Ysraýylyň 1 ýyla golaý wagt bäri dowam etdirýän hüjümlerine, ýaşuly-ýaşkiçi diýmezden 41 müň adamy öldürmegine garşy durmaga, basyp alyşlyk we gyrgynçylyk syýasatynyň bes edilmegi, adamzada garşy jenaýat edýänleriň hukugyň öňünde jerimesini çekmegi üçin tagalla etmäge dowam ederis” diýdi.
Türk meýletini, şol bir wagtda Amerikanyň raýaty bolan Aýşenur Ezgi Eýgi, ysraýylly esgerleriň Günbatar Şeriada geçirlen parahatçylykly maksatly protest ýörişinde ot açmagy sebäpli ýogaldy.