Prezident Erdogan Awstriýanyň Premýer-ministri Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Prezident Erdogan Awstriýanyň Premýer-ministri Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Prezident R. T. Erdogan, Awstriýanyň Premýer-ministri Karl Nehammer bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasyndan berlen beýannama görä, Erdogan bilen Nehammer telefon söhbetdeşliginde özara gatnaşyklar bilen birlikde sebitara we halkara meseleler hakynda pikir alyşdy.

Prezident Erdogan, telefon söhbetdeşliginde Siriýanyň halkynyň ýurdunyň gelejegine karar berjek döwrüne gadam basylandygyny, bu tapgyrda Siriýanyň territorial bitewiliginiň goralmagy üçin ol ýerde iş alyp barýan PKK we DEAŞ ýaly ähli terror guramalaryndan saplanmagynyň möhümigini belledi.

Erdogan, halkara jemgyýetçiliginiň Siriýanyň gaýtadan dikeldiş etabyna goldaw bermeginiň möhümdigine ünsi çekdi.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Erdogan we Blinken Siriýadaky syýasy geçiş tapgyry hem-de Gazadaky genosid hakynda pikir alyşdy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny