Prezident Erdogan Astanada Putin Bilen Duşuşar

Prezident Erdogan Astanada Putin Bilen Duşuşar

Prezident R. T. Erdogan bilen Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin şu gün Gazagystanyň paýtagty Astanada duşuşar.

Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Putiniň kömekçisi Ýuriý Uşakow, Wladimir Putin bilen Prezident Erdoganyň Astanada özara duşuşyk geçirjekdigini we ynjyk meseleler hakynda pikir alyşjakdygyny aýtdy.

Ýuriý Uşakow, paýtagt Moskwada beren beýannamasynda, Putiniň Astanada iýul aýynyň 3-4-i aralygynda geçiriljek Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň liderler sammitiniň çäginde geçirjek duşuşyklary hakynda maglumat berdi.

Wladimir Putiniň Prezident Erdogan bilen hem duşuşjakdygyny aýdan Uşakow, “Putiniň Türkiýä sapar guramagy meýilleşdirilýär. İki lider bu mesele hakynda pikir alyşar.Türkiýe ýerleşişi taýdan esasan sebitde uly rol oýnaýan ýurtlardan biri.

Liderleriň bu mesele boýunça hem pikir alyşmagyna garaşylýar.Türk tarapy bilen yzygiderli ýagdaýda aragatnaşyk saklanýar.Telefon arkaly söhbetdeşlikler geçirilýär. Ýaňy ýakynda Putin, Türkiýäniň Daşary işler ministri Hakan Fidany kabul etdi.

Duşuşykda diýseň möhüm we ynjyk meseleler seljerler” diýdi.

Uşakow, ŞHG-nyň liderler sammitinde bolsa syýasat, ykdysadyýet, howpsuzlyk ýaly birnäçe meseläniň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny ýatlatdy.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türki döwletleriň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary
Azerbaýjan BRICS-e Agza Bolmak Üçin Ýüz Tutdy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türkiyäniň Milli Goranmak ministri Gazagystanyň prezidenti tarapyndan kabul edildi
Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Liderler Sammiti Öz Işine Başlady