Türkiye Respublikasynyň esaslandyrylmagynyň 100-nji ýyly şu gün ýurduň dört künjeginde biri-birinden tapawutly çäreler bilen bellenilip geçilýär.
29-njy oktýabr Respublika baýramynyň esasy bellenilip geçiljek 2 möhüm merkez bolsa paýtagt Ankara we Stambul bolar.
Ilki bilen Prezident Rejep Taýýip Erdogan hökümet agzalary bilen Türkiye Respublikasynyň esaslandyryjysy beýik lider Mustafa Kemal Atatürkiň aramgähiniň ýerleşýän ýeri bolan Anytkabiri zyýarat etdi.
Prezident Erdogan ýüzünde aý we ýyldyz motiwleri bolan wenogy Atatürkiň mawzoleýine goýmagyndan soň, hormatly dymyşlyk edildi we Milli sena ýerine ýetirildi.
Ondan soň Prezident Erdogan we hökümet agzalary Misak Milli binasyna geçdiler. Prezident Erdogan ol ýerdäki Anytkabiriň ýörite depderine şu setirleri ýazdy: "Türkiyäni taryhynyň iň uly maýa goýum göçümleri bilen birleşdiren dolanşyk hökmünde, şärik hyzmatdaşlarymyz we milletimiz bilen bilelikde Respublikamyzyň 2-nji asyryny Türkiye Asyry bilen netijelendirmegi ýüregimize düwdük" diýip belledi.
Ondan soň Anytkabir raýatlaryň zyýarat etmekleri üçin açyldy.
Respublikanyň yglan edilen 1-nji Mejlisde dabara geçiriler. Ol ýerde Türkiyäniň Beýik Millet Mejlisiniň (TBMM) başlygy Numan Kurtulmuş söz sözlär.
TBMM-niň öňünden Ulusa tarap "Respublikamyzyň 100-nji ýyly" atly ýöriş dabarasy geçiriler. SOLOTÜRK Anytkabiriň üstünde uçuş saparyny amala aşyrar.
Türkiyäniň wagty bilen sagat 17:00-da Bosfor bogazynda flotyň taryhyndaky iň uly harby geçiş dabarasy geçiriler. Gämileriň geçiş dabarasyna TJG Anadoly başda bolmak bilen 100 gämi gatnaşar.
Gämilere Türk Ýyldyzlary we SOLOTÜRK bilen birlikde 20 uçar howadan ýoldaşlyk eder.
Geçiş dabarasyna gatnaşjak Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň Türkiyäniň wagty bilen sagat 19:23-de 100-nji ýyl bilen bagly çykyşy bolar.
15-nji iýul Şehitler köprüsinde 2023 dronyň gatnaşmagynda görkeziliş geçiriler. Bosfor bogazynda yşyk we feýerwerk görkezilişleri bolar.