Prezident Erdogan alžirli kärdeşi Tebbuny gutlady

Prezident Erdogan alžirli kärdeşi Tebbuny gutlady

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasynyň sosial media hasabyndan berilen beýanata görä, prezident Erdogan Alžiriň prezidenti Tebbun bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy.

Erdogan Tebbuny Aližirde geçirilen prezident saýlawyndaky üstünligi we has köp ses alyp, ýaňadandan prezident wezipesine saýlanmagy myansybetli gutlady.

Prezident Erdogan telefon söhbetdeşliginde saýlawyň netijesiniň Alžiriň halkynyň soňky 5 ýylda edilen ädimlere berýän goldawynyň görkezijsidigini, Alžiriň durnuklylygynyň we asdudalygynyň täze döwürde has hem güýçlenjekdigini, Türkiye bilen Alžir gatnaşyklarynyň iki ýurduň arasyndaky doganlyk gatnaşyklaryna laýyk görnüşde ähli ugurlarda ösmäge dowam etjekdigine ynanýandygyny beýan etdi.

Alžiriň prezidenti Tebbuny Türkiyä sapar guramaga çagyran prezident Erdogan Alžiriň BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşiniň wagtlaýyn agzasy hökmünde Palestina dawasy üçin edýän tagallalaryny Türkiyäniň takdyr edýändigini we goldaýandygyny, Ysraýylyň zulumynyň astyndaky bigünä Palestinanyň halkyna garşy guralýan hüjümleriň bes edilmegi üçin iki ýurduň tagallalarynyň artyp dowam etjekdigini habar berdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Alžiriň ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi
Prezident Erdogan Alžire guran saparyndan soň beýannama berdi
Köpçülikleýin jezalandyrma öwrülen we harby jenaýat bolup durýan hüjümlerini kabul etmeýaris
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Prezident Erdogan Şu Gün Alžire Gider
Prezident Erdogan Alžire Bardy