Prezident Rejep Taýýip Erdogan Alžir saparyndan gaýdyşyn uçarda gün tertibiniň ileri tutulýan ugulary bilen bagly beýannama berdi.
Alžiriň Prezidenti Adülmejid Tebbun bilen Gazadaky wagşyçylyk başda bolmak bilen sebitleýin we global meseleleri ara alyp maslahatlaşandyklaryny aýdan Prezident Erdogan: "Basylyp alynan Palestina topraklarynda 7-nji oktýabrdan bäri dowam edýän gyrgynçylyklary iki döwlet hökmünde ýazgarýarys" diýip nygtady.
Gazanyň Palestinanyň topragydygyny aýdan Prezident Erdogan: "Palestinanyň gadymy topraklary Ysraýyl tarapyndan 1947-nji ýyldan bäri tapgyrlaýyn häsýetde basylyp alynsada, nesip bolsa Gaza Palestinanyň topragy hökmünde galar" diýip belledi.
Gazada amala aşyrylýan basyp alyşlygyň, käbir ýurtlaryň dolanşyklaryny dymmdyrsada, jemgyýetleriň wyždanlaryny herekete geçirendigini aýdan Prezident Erdogan: "Köçelerde Palestina goldaw berýän adamlaryň sany artýar" diýip mälim etdi.
Hamasyň elinde bolan asuda ilata oňaýsyz hereketler bolandygyna ýa-da boljakdygyna hiç hili ynanmaýandygyny aýdan Prezident Erdogan: "Ysraýylyň elinde köp sanda palestinaly bar. Hamas häzirki wagtda olary halas etmegiň tagallasyny edýär. Kataryň işe girişmegi bilen tapgyrda täze bir ädim edilýär. Zamunlaryň şu gün ýa-da ertir çalşyljakdygyny pikir edýärin" diýip habar berdi.
Refah gümrük geçelgesi boýunça Müsüriň hökümetiniň oňyn ädimler edýändigini aýdan Prezident Erdogan: "Ilkinji tapgyrda Gazadaky rak keseli bilen kesellän 40 adam ýurdumyza geldi.Ikinji tapgyrda şol san örän artdy we 88 syrkaw we olaryň ýany bilen 67 adam geldi.
Olaryň bejergilerini biz şäher hassahanalarymyzda amala aşyrýarys, şony dowam etdireris.Gazaly syrkawlaryň ol ýerden çykarylyp, ýurdumyza getirilmeginiň dowam etmegini isleýäris.Iň gysga wagtda Müsüre sapar gurap bilerin.
Müsürde hem gün tertibimizde esasy şu meseleler bolar" diýip mälim etdi.
Ýewropa ýurtlarynyň gyrgynçylygy duruzmak üçin ädim etmändiklerini aýdan Prezident Erdogan: "Bu ýerde Ispaniýanyň çemeleşmesi oňyn ýagdaýda dowam edýär. Ispaniýada hökümet guruldy. Ispaniýanyň Premýer ministri Pedro Sançes bilen öňümizdäki hepde duşuşyk geçirerin" diýip aýan etdi.