Prezident Erdogan Albaniýanyň Premýer-ministri Rama Bilen Duşuşdy

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasyndan berlen beýannama görä, Prezident R. T. Erdogan, Albaniýada we Serbiýada saparda bolar.

Prezident Erdogan saparynyň ilkinji duralgasy bolan Albaniýa bardy.

Prezident Erdogan Albaniýada Prezident Baýram Begaý tarapyndan resmi dabara bilen garşylandy.

Erdogan bilen Begaý garşylama dabarasyndan soň özara duşuşyk geçirdi.

Prezident Erdogan resmi saparynyň çäginde Albaniýanyň Premýer-ministri Edi Rama bilen hem duşuşdy.

Metbugata ýapyk häsiýetinde geçen duşuşykdan soň Erdogan bilen Rama, Ýokary derejeli hyzmatdaşlyk geňeşiniň ikinji maslahatyna ýolbaşçylyk etdi.

Erdogan bilen Rama soň bolsa şertnamalaryň gol çekişlik dabrasyna gatnaşdy we metbugata beýannama berdi.

Prezident Erdogan beýannamasnda, Gazada bir ýyldan bäri dowam edýän genosidiň tutuş adamzat üçin utandyryjydygyny aýtdy.

Erdogan “Albaniýanyň Premýer-ministri Rama bilen Fetullahçy terror guramasy FETÖ-niň başda durmagynda terror guramalaryna garşy göreş hakynda pikir alyşdyk. Terror guramalaryna garşy egilşiksiz göreşimiz dowam eder” diýip belledi.

Ýene degişli makalalar

Ýewraziýa ýurtlarynyň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary
Albaniýa Bileleşige goşulmakçy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Prezident Erdogan, Albaniýada we Serbiýada Saparda Bolar
Prezident Erdogan Albaniýada Saparda Bolýar
Prezident Erdogan Albaniýanyň Premýer ministri Rama bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy