Prezident Erdogan, Albaniýada we Serbiýada Saparda Bolar

Prezident Erdogan, Albaniýada we Serbiýada Saparda Bolar

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasyndan berlen beýannama görä, Prezident R. T. Erdogan, Albaniýada we Serbiýada saparda bolar.

Oktýabr aýynyň 10-11-i aralygynda guraljak saparyň çäginde geçiriljek gepleşiklerde özara gatnaşyklaryň ähli taraplaýyn ara alnyp maslahatlaşylmagyna garaşylýar.

Prezident Erdogan saparyň çäginde iki ýurtda hem kärdeşleri bilen ýokary derejeli hyzmatdaşlyk geňeşiniň maslahatyna ýolbaşçylyk eder.

Erdogan, Albaniýanyň Premýer-ministri Edi Rama bilen Türkiýe tarapyndan gurlan Balkanlaryň iň uly metjidi bolan Tiran Namazgah metjidiniň açylyş dabarasyna gatnaşar.

Prezident Erdogan Belgratda, Serbiýanyň Prezidenti Aleksandr Wujij bilen geçiriljek işewürler forumyna gatnaşar.

Prezident Erdoganyň resmi saparynyň çäginde Balkanlarda başdan geçirilýän soňky wakalar bilen birlikde Ysraýyl tarapyndan Gaza we basylyp alynan Palestina we Liwana guralýan hüjümleriň başda durmagynda aktual sebitara we halkara meseleleriň gün tertibine getirilmegine garaşylýar.

Ýene degişli makalalar

Prezident Erdogan Belgrada Bardy
Prezident Erdogan Albaniýanyň Premýer-ministri Rama Bilen Duşuşdy
Prezident Erdogan Albaniýada Saparda Bolýar
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türkmen okuwçylary Antalýada geçirilýän 28-nji Balkan matematika olimpiýadasynda üstünlikli çykyş etdiler
Prezident Erdogan, Günbatar Balkanlaryň Iň Halanýan Lideri