Prezident Erdogan Antalýa Diplomatiýa forumynyň açylyşyndan soň ilki bilen Albaniýanyň Premýer ministri Edi Ramany kabul etdi.
Metbugata ýapyk häsýetde geçen duşuşyk takmynan 1 sagat dowam etdi.
Prezident Erdogan soň bolsa NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenbergi kabul etdi.
Metbugata ýapyk häsiýetde geçen kabul edilşik 35 minut dowam etdi. Russiýanyň Ukraina garşy hüjüm başlatmagyndan soň sebitde başdan geçirilen hadysalar ele alyndy. Türkiýäniň krizis bilen bagly çözgüt teklipleriniň üstünde durulyp geçildi.
NATO-nyň Russiýa-Ukraina arasynda başdan geçirilýän hadysalar bilen bagly mundan soň etjek ädimleri barada pikir alyşyldy.
Kabul edilşige Prezidentiň orunbasary Fuat Oktaý, Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Fahrettin Altun, Prezidentiň metbugat sekretary Ibrahim Kalyn bilen birlikde Adalat we ösüş partiýasynyň metbugat geňeşçisi Ömer Çelik hem gatnaşdy.
Prezident Erdogan şeýle hem Gazagystanyň ilkinji Prezidenti Nursoltan Nazarbaýew we Sloweniýanyň Prezidenti Borut Pahor bilen duşuşyklar geçirdi.