Prezident Rejep Taýýip Erdogan, 10-njy dekabr Adam hukuklary güni mynasybetli ýüzlenme çap etdi.
Adam Hukuklarynyň Ählumumy beýannamasynyň barlygynyň dünýäniň köp ýerlerinde esasy hukuklaryň agyr görnüşde bozulmagyna we adam gymmatlyklaryna üns berilmezligine päsgel bererip bilmeýändigini aýdan Erdogan, beýannamanyň bütin dünýäniň gözüniň öňünde bozulýan ýerleriniň başynda Gazda we basyp alyşlyk astyndaky Palestina topraklarynda gelýändigini aýtdy.
Adam hukuklary goragçylarydygyny öňe sürýänleriň Palestinadaky zuluma tomaşa etmek bilen çäklenýändigini aýdan prezident Erdogan: "Bütin mümkinçiliklerimiz bilen palestinaly doganlarymyzyň ýanynda durduk we durmagamyzy dowam etdireris.Gazada we beýleki Palestina topraklarynda ýaraşygyň üpjün edilmegi we hemişelik parahatçylygy ýola goýulmagy üçin tagallalarymyzy dowam etdirýäris" diýip belledi.
Prezidentiň gün tertibinde Siriýadaky wakalar hem bardy.
60 ýyldan gowrak wagt Baas diktaturasyndan we 13 ýyllyk içerki uruşdan soň Siriýada pyntyklamaga başlan parahatçylyk, durnuklylyk we asudalyk umytlaryny uly hoşallyk bilen kabul edýändiklerini aýdan prezident Erdogan: "Siriýaly doganlarymyzyň ýurtlaryny ýaňadandan dikeltmek ugrundaky ähli tagallalaryna goldaw bereris" diýip habar berdi.