Prezident Erdogan ABŞ-ly kärdeşi Baýden bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Prezident Erdogan ABŞ-ly kärdeşi Baýden bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Telefon söhbetdeşliginde Türkiye-ABŞ gatnaşyklary, Gaza meselesi, Türkiyede amala aşyrylan zamun çalşygy, sebitleýin we global meseleler ara alynyp maslahatlaşyldy.

Prezident Erdogan amerikaly kärdeşi Baýdene Ysraýylyň premýer ministri Binýamin Netanýahunyň ýolbaşçylyk etmegindäki hökümediň Gazada ýaraşygy we parahatçylygy islemeýändigini her ädimde görkezýändigini, Netanýahunyň geçen hepde ABŞ-nyň Wekiller mejlisindäki çykyşynyň Türkiyede we dünýäde çuňňur lapykeçlik döredendigini, Hamasyň Syýasy býurosynyň başlygy Ismail Heniýä garşy 31-nji awgustda Eýranda guralan hüjümiň ýaraşyk tagallalaryna agyr zarba salandygyny we Ysraýylyň Gazadaky ody bütin sebite ýaýratmaga çalyşýandygyny habar berdi.

Jo Baýden bolsa düýn paýtagt Ankara şäherinde geçirilen zamun çalşygynyň hadysasyz ýagdaýda amala aşyrylmagy üçin eden tagallalary sebäpli prezident Erdogana minnetdarlyk bildirdi.

Zamun çalşygy operasiýasynda ABŞ-dan 2, Germaniýadan, Polşadan, Sloweniýadan, Norwegiýadan we Russiýadan her birinden 1 uçar bolmak bilen jemi 7 uçar bilen Türkiye getirilen adamlaryň 2-si çaga jemi 10 zamun Russiýa, 13 zamun Germaniýa, 3 zamun bolsa ABŞ berildi.

Ýene degişli makalalar

Prezident Erdogan Gaziantepde ýaşlar bilen duşuşyk geçirdi
Ysraýylyň Eýrana Guran Hüjümi…
Netanýahu, Siriýada Baas Ulgamyny Agdaran Toparlara Hemle Atdy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
BMG Ysraýylyň Palestinadaky “bikanun” hereketini bir ýylyň dowamynda bes etmegini isleýär
Ysraýyla garşy geçirilýän protestler dowam edýär
Hakan Fidan, Arap Ligasynyň Daşary Işler Ministrleriniň Maslahatyna Gatnaşdy