Prezident Erdogan ABŞ-da Türk Öýüne guralan hüjümi ýazgardy

Prezident Erdogan ABŞ-da Türk Öýüne guralan hüjümi ýazgardy

Prezident Erdogan Stambulda Beýik Rumili duşuşygynda çykyş etdi.

Nýu-Ýorkdaky Türk Öýüne guralan hüjümi ýazgaran Prezident Erdogan: "Gynansagam bular ganhorlara ýollaryny açyp, olara kömek berdiler.Musulmanlaryň we türkleriň durmuşyna gezek gelende, yzarlamalaryň öňüni almagyň ýerine, elmydama üç maýmyny oýnadylar. Ýewropada PKK-a işiň erbetleşýändigini gördi we saýlawçylara hüjüm etmäge başlady.

Onuň bilen kanagatlanmadylar, ABŞ-daky Birleşen Milletler Guramasynyň garşysynda ýerleşýän Türk Öýüne hüjüm etdiler, penjirelerini döwdüler" diýip habar berdi.

ABŞ-ly resmilere ýüzlenen Prezident Erdogan: "Türk Öýi ol ýerde size amanat goýuldy. Şol terrorçyny tapmagyňyz gerek" diýip belledi.

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly hem sosial media hasabyndan hüjüme reaksiýa bildirdi.

Hüjümiň hyýanatçylyk bilen guralandygyny aýdan Mewlüt Çawuşogly, jogapkärleriň iň tiz wagtda tapylmagyny umyt edýändigini habar berdi.

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygynyň metbugat geňeşçisi Matt Miller hem Türk Öýüne garşy wandalçylygy ýazgarýandyklaryny we munuň jenaýat işidigini aýtdy.

Hüjümden soň Türk Öýüne baryp gören Nýu-Ýork şäheriniň häkimi Erik Adams mesele bilen ýakyndan gyzyklanjakdygyny habar berdi.

BMG hem ABŞ-da Türk Öýüne guralan hüjümi ýazgardy.

BMG-nyň baş sekretarynyň metbugat geňeşçisiniň orunbasary Farhan Hak, mesele bilen bagly beren beýanatynda: "Türk diplomatik missiýalara guralan hüjümleri ýazgarýarys, Nýu-Ýorkdaky degişli resmileriň wakany giňişleýin ýagdaýda derňemeklerine garaşýarys" diýip habar berdi.

Ýene degişli makalalar

Mewlüt Çawuşogly Aksa metjidi bilen bagly beýannama berdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Çawuşogly: "Siriýa maslahaty maý aýynda bolup biler" diýdi
Türkmenistan Türkiýäniň TOGG elektrik awtoulagyna isleg bildirdi
Mewlüt Çawuşogly ysraýylly kärdeşi Eli Koen bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
Çawuşogly "Asyrlaryň diplomatik tejribesi" atly simpoziumda çykyş etdi
Mewlüt Çawuşogly finlýandiýaly kärdeşini gutlady