Prezident R. T. Erdogan, Stambulyň zabt edilmeginiň taryhyň iň şanly ýeňişlerinden biridigini nygtady.
Prezident Erdogan 29-njy maý Stambulyň zabt edilmeginiň 571 ýyllygy mynasibetli ýüzlenme çap etdi.
Zabt edilşigiň ruhuna düşünmek üçin bu mübärek ýeňişiň nähili gazanylandygynyň gowy bilinmelidigini nygtan Erdogan “Harby zehini we gahryman goşunymyzyň batyrgaýlygy bilen eziz halkymyzyň materikde kök salmagyna sebäp bolan zabt edilşikden soň beýik döwlet adamy Fatih Soltan Mehmetiň hoşniýetli we adalatly döwlet dolanşygy bilen Stambul, dürli ynançlaryň we medeniýetleriň jebislikde ýaşaýan merkezi boldy” diýdi.
Erdogan, taryhyň galyndylaryny biziň günlerimize çenli getiren, sungat ussatlarynyň ylham çeşmesi bolan Stambulyň, döwrümizde ýurdumyzyň söwda, sungat, medeniýet we ynanç merkezi hökmünde dünýäniň iň meşhur şäherleriniň arasynda ýer alýandygyny nygtady.
Fatih Soltan Mehmediň we gahryman esgerleriniň Stambuly zabt edýärkä alyp baran gaýduwsyz göreşiniň we egilşiksiz tutumynyň şu günki günde Türkiýe Asyryna tarap barýan ýolda özlerine ylham berýändigini nygtan Erdogan, “Stambulyň zabt edilmeginiň 571-nji ýylynda bu deňsiz-taýsyz gözellige eýe bolan dünýä şäherini bize miras goýan Fatih Soltan Mehmet bilen eziz şehitleri uly hormat bilen hatyralaýarys” diýip belledi.