Prezident Erdogan 23-nji Aprel Milli Häkimiýet we Çagalar Baýramy mynasybetli ýüzlenme çap etdi

Prezident Erdogan 23-nji Aprel Milli Häkimiýet we Çagalar Baýramy mynasybetli ýüzlenme çap etdi

Prezident Erdogan 23-nji Aprel Milli Häkimiýet we Çagalar Baýramy mynasybetli X hasabyndan ýüzlenme çap etdi.

Prezident Erdogan: "Türkiyäniň Beýik Millet Mejlisiniň açylmagynyň 104-nji ýyly we gözümiziň nury çagalarymyzyň 23-nji Aprel Milli Häkimiýet we Çagalar Baýramyny gutlaýaryn.Geljegimiziň kepili bolan çagalarymyzyň her gününiň baýram ýaly geçmegini dileýärin.

Beýik Millet mejlisimiziň ilkinji başlygy, Milli Azat edijilik uruşymyzyň Baş serkerdesi, Respublikamyzyň esaslandyryjysy Gazy Mustafa Kemal Atatürk başda bolmak bilen ýurdumyzyň şu günki güne çenli ýetmegine goşant goşan ähli adamlary uly hormat bilen hatyralaýaryn. Özygtyýarlylygymyz we geljegimiz üçin gözüni gyrpman, janyny pida eden gahryman şehitlerimiziň her birine Alladan rehnet dileýärin" diýip belledi.

Ýene degişli makalalar

Müsüriň prezidenti Türkiye bilen ýurdunyň arasyndaky gatnaşyklar barada beýanat berdi
Anytkabire zyýarat etmäge gelýän adamlaryň sany artýar
Türkiyede 30-njy awgust Ýeňiş baýramy giňden bellenilip geçilýär
Erdogan 30-njy awgust Ýeňiş baýramy bilen bagly gutlag ýüzlenmesini çap etdi
30-njy awgust Ýeňiş baýramy bilen bagly dabaralar dowam edýär
Atatürkiň Aramgähine Bir Günde 221 Müň 717 Adam Zyýarat Etdi
19-njy maý Atatürki hatyralama, ýaşlar we sport baýramy