Prezident Erdogan sosial media hasabyndan beren beýannamasynda, millete hyzmat bermek ugrunda, 2024-nji ýylda-da arman-ýadaman, säginmän, gije-gündiz diýmän söýgi bilen zähmet çekendiklerini, ýurda ähli ugurlar boýunça möhüm eserler, hyzmatlar, taslamalary, maýa goýumlary durmuşa geçirendiklerini habar berdi.
Täze ýylyň bosagasynda 2024-nji ýylda amala aşyrylanlar barada beýannama beren Erdogan, 105 dikuçar, 27 uçar we 14 uçarmansyz howa ulagy bilen tokaý ýangynlaryna garşy täsirli göreş alyp barandyklaryny mälim etdi.
Erdogan 50 sany emeli intellekt, 60 awiasiýa we kosmos we 10 sany aň-düşünje güýji ussahanasynyň döredilendigini mälim etdi.
Erdogan ýerli we milli aragatnaşyk hemrasy Türksat 6A-nyň önümçiligini tamamlandyklaryny belläp, dünýädäki aragatnaşyk hemralaryny öndürip biljek 11 ýurduň biri ýagdaýyna gelendiklerini habar berdi.
97 ýurduň gatnaşmagynda 142 harby türgenleşigiň geçirilendigini, Türkiyäniň Ýaragly güýçleriniň güýjüni bütin dünýä görkezendiklerini aýdan Prezident Erdogan: "Akkuyu atom elektrik bekediniň 1-nji reaktorynyň turbina gurnamasyny tamamladyk.Türkiyäni dünýäniň ýadro energiýasy ýurtlarynyň hataryna goşmakda tutanýerlidiris.
Sebitimiziň eksportyna täsir ýetirjek, Adana we Mersin bilen birlikde bütin Ortaýer deňiz sebitimiziň ösüşine goşant goşjak Çukurowa halkara howa menzilini açdyk.FETÖ garşy 4 müň 902, terror guramasy DAIŞ-e garşy 1399 operasiýa geçirdik" diýip beýan etdi.