Bolgariýada ýaşaýan raýat aktiwisti Annadurdy Hajyýewiň Azatlyga ýazmaça beren düşündirişinde aýtmagyna görä, Türkmenistanyň oba hojalygyndaky "gulçulyk zähmeti ulgamy" ýurduň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň döwründe ýola goýuldy. Ýöne synçylaryň käbiri 'bu iş usulynyň' has irräk, sowet ýyllarynda ýola goýlandygyny, pagtaçylykdaky agyr zähmetiň bilim pudagyna, ilatyň aň-düşünjesine hem agyr zarba urup gelendigini öňe sürýär.
"Bu, hamala, bazar ykdysadyýetine geçmek we oba hojalygynda özgertme geçirmek zerurlygy bilen edildi, şonda adamlara kärendesine ýer bölekleri hem berildi” diýip, 1990-njy ýyllaryň başynda bank işgäri bolan Annadurdy Hajyýew Azatlyk bilen pikirini paýlaşanda aýtdy.
Onuň pikiriçe, hakykat ýüzünde Türkmenistanyň oba hojalygynda garaşsyzlygyň başyndan bäri hiç hili bazar gatnaşyklaryna geçilmedi we geçilmeýär.
Mälim bolşy ýaly, nyrhlaryň, bahalary erkin bazaryň kesgitlemegi ýa döretmegi azat bazar ykdysadyýetiniň esasy ýörelgeleriniň biri bolup durýar. Türkmenistanda bolsa, hökümet başlygy hökmünde, garaşsyzlygyň başyndan bäri näçe tonna galla, pagta we ş.m. hasylyny ýygnamalydygyny prezident kesgitleýär.
Şol bir wagtda, dünýä bazaryndaky üpjünçilik we talap şertlerine, geljekki şertnamalaryň baglaşylýan we bahalaryň emele getirilýän ýerlerine seretmezden (Liwerpul, Çikago we ş.m. biržalar), ýygnaljak pagtanyň her tonnasynyň bahasyny hem prezident kesgitleýär diýip, ykdysatçy Türkmenistandaky bazar gatnaşyklary düzgüniniň ozaly şu meselede gödek bozulýandygyna ünsi çekýär.
Azatlygyň 14-nji fewralda habar berşi ýaly, türkmen hökümeti bugdaýyň we pagtanyň döwlet satyn alyş nyrhlaryny şu ýylyň hasylyndan başlap, degişlilikde 2,5 we 3,5 esse ýokarlandyrdy.
Täze bahalara laýyklykda, bugdaýyň bir tonnasynyň döwlet satyn alyş nyrhy 800 manatdan 2 müň manada çykaryldy.
Şeýle-de, nah pagtanyň bir tonnasynyň bahasy, ýygym möwsümine laýyklykda, mundan ozal 1355 1500 aralygynda bolan bolsa, şu ýylyň hasylyndan başlap, 4550 5000 manat aralygynda kesgitlendi.
Ýüpek pagtanyň bir tonnasynyň döwlet satyn alyş nyrhy, mundan ozal, ýygym möwsümine görä, 1820 2000 manat aralygyndady. Soňky bahalara görä, ýüpek pagtanyň döwlet satyn alyş nyrhy 6100 6700 manat aralygynda kesgitlendi.
Häkimiýetler täze bahalaryň oba hojalyk önümlerini öndürijileri ykdysady taýdan höweslendirjekdigini aýdýarlar.
Maglumat üçin aýdylsa, pagtanyň we bugdaýyň döwlet satyn alyş nyrhlary öňki gezek ýokarlandyrylanda hem şunuň ýaly düşündiriş berlipdi.
Annadurdy Hajyýewiň prezidentiň karary esasynda geçiren täze hasaplamalaryna görä, orta süýümli pagtanyň bir tonnasynyň bahasy ýygymyň başyndan 15-nji oktýabra çenli 5 müň manat (2019-njy ýylda 1500 manat); 15-nji oktýabrdan 15-nji noýabra çenli - 4770 manat (2019-njy ýylda 1430 manat); 15-nji noýabrdan ýygym tamamlanýança 4550 manat (2019-njy ýylda 1365 manat); netijede, ortaça baha 1363 dollar (2019-njy ýylda 409 dollar) bolýar.
Inçe süýümli pagtanyň bir tonnasynyň bahasy, ýygymyň başyndan 15-nji oktýabra çenli 6700 manat (2019-njy ýylda 2000 manatdy); 15-nji oktýabrdan 15-nji noýabra çenli 6400 manat (2019-njy ýylda 1910 manat); 15-nji noýabrdan ýygymyň soňuna çenli 6100 manat (2019-njy ýylda 1820 manat); netijede, dollardaky ortaça baha 1828 dollar (2019-njy ýylda 546 dollar) bolýar.
Pagtanyň dünýä bazaryndaky bahasy 2020-nji ýylda birden, tonnasy 1400 dollar bolanlygyndan, 2000 dollara galdy ýa-da ondanam ýokary bahalanyp başlandy.
A.Hajyýewiň hasaplamalaryna görä, 2024-nji ýylda bir tonna orta süýümli pagtanyň ortaça satyn alyş bahasy döwlete 1363 dollara düşer, dünýä bazaryndaky pagtanyň ortaça bahasy bolsa 2000 dollar töwereginde saklanýar.
Dünýä bahasy bilen döwletiň 2024-nji ýylda daýhanlardan satyn aljak pagtasynyň bahasynyň arasyndaky tapawut 637 dollar bolar. Ýagny, döwlet şu ýyl öz kisesine bu söwdadan azyndan 637 dollar salar.
Bu dünýä bazaryndaky pagta bahasynyň 1/3 bölegi bolýar.
2019-njy ýyldan 2023-nji ýyla çenli aralykda bu tapawut 1,591 dollar boldy, ýagny daýhan pagtanyň dünýä bahasynyň bary-ýogy 25 göterimini alyp bildi. Döwlet bolsa has ýokary girdeji aldy.
2024-nji ýylda inçe süýümli pagtadan alnan girdejiniň tapawudy 400 dollar bolar, 2019-njy ýyldan 2023-nji ýyla çenli bu 1,654 ABŞ dollary boldy. Bu döwletiň daýhanlary näderejede talaýandygyny görkezýär.
Eger-de walýutanyň gara bazar faktoryny göz öňünde tutsak, bu tapawut has-da ulalar. Biziň öz hasaplamalarymyzda gara bazar bahasyna salgylanmagymyzyň sebäbi hem şunda, çünki talap we teklip esasynda, bazar manadyň hakyky derejesini görkezýär diýip, Hajyýew ýazýar.
Bu pikiri Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşýän ýerli hünärmenler hem aýdyp gelýärler. Galyberse, TDH hem döwlet eýeçiligindäki haryt-çig mal biržasynda walýuta satylýan pagta, dokma önümleri barada yzygiderli habar berýär.
"Täsin ýeri, daýhanlaryň çeken zyýanlaryny kim we nämäniň hasabyna ýapdy? Hatda prezidentiň häzirki bellän bahalary hem bazar bahalaryna laýyk gelmeýär“ diýip, ykdysatçy türkmen daýhanlarynyň düşen çylşyrymly ýagdaýy baradaky gürrüňini dowam etdirdi.
Türkmenistanda gurlan oba hojalyk ulgamyna laýyklykda, ne daýhan birleşiginiň, ne-de kärendeçiniň öz ýetişdiren hasylyna erk-ygtyýary ýetýär.Hasyl, haýsy ekiniň näçe mukdarda, haçan we nädip ekilmelidigini, bahasyny öňünden özbaşdak kesgitleýän döwletiň ygtyýarynda, ol doly alynýar.
Netijede, ne daýhan birleşigi, ne-de kärendeçi Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyna baryp, öz önümini daşary ýurtly alyjylara satyp bilýär.Bu azat bazar gatnaşyklary düşünjesini dolulygyna ýoga çykarýar diýip, Hajyýew ýazýar.
Mundan başga, daýhan birleşikleri ýa-da kärendeçiler salgyt hem tölemeli, oba hojalyk tehnikasy, ýangyç we çalgy ýaglary, suw, tohum, dökün, himiki serişdeler üçin töleg etmeli, karzlaryny üzmeli we oňa göterim tölemeli...
"Bularyň ählisi bazar bahalarynda we nyrhlarynda bolýar. Daýhana näme galýar? Resmi hümmeti esasynda çalşyp bolmaýan azajyk pul, walýutanyň gara bazar nyrhy bolsa eliňde galan soňkuja manady hem iýer, inflýasiýa hem 'durnanyň üstüne urna“ diýip, ykdysatçy Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşýän daýhanlaryň edýän şikaýatlaryny tassyklady.
Onuň pikiriçe, daýhanlary yzygiderli aldamak, S.Niýazowyň oba hojalyk syýasatynyň özenini düzýärdi bu ýagdaý ýetişdirilýän pagta hasylynyň ýyl-ýyldan azalyp başlamagyna sebäp boldy. 1996-njy ýylda ýetişdirilen pagta hasyly üç esse azalyp, 435 müň tonna boldy.
Bu ýagdaý S.Nyýazowy ýygnalan pagtanyň 50 göterimini daýhanlaryň hajatlaryna gönükdirmek barada karar çykarmaga mejbur etdi.Emma bu karar hem daýhanlary ýetde-gütde ýaşaýyşdan halas etmedi.
A.Hajyýewiň bu pikiri bilen şol döwürde dürli wezipelerde işlän we Azatlyk bilen söhbetdeş bolan öňki emeldarlar hem ylalaşýar. Ýöne, ömrüniň ahyrky ýyllarynda öz 'täze oba syýasatynyň' şowsuz bolandygyny boýun alan hem bolsa, S.Nyýazow bu meselede esasan öz bellän häkimlerini we beýleki resmilerini günäkärledi, emma öz günäsini açyk boýun almady.
Soň bu iş usuly ikinji prezident tarapyndan gaýtalandy diýip, türkmen pagtasynyň daşary ýurtlara satylyşyndan belli bir derejede habarly bolan Nurmuhammet Hanamow, Hudaýberdi Orazow dagy hem Azatlyk bilen söhbetdeşlikde aýtdy.
Türkmen daýhanlarynyň düşen çylşyrymly ýagdaýy diňe pagta mejburlygy bilen bagly bolman, bugdaý ekmek mejburlygy bilen hem bagly boldy diýip, hünärmenler aýdýar.
Türkmenistanda ýurduň ilatynyň iýjek gallasyny öndürmek wezipesi garaşsyzlygyň başky ýyllarynda kesgitlendi we soňra hökümet azyk howpsuzlygyny üpjün etmek üçin uly işleriň geçirilendigini aýtdy. Emma bu, prezidentiň täze kararyndan hem görnüşi ýaly, ýyllar boýy dowam edýän un, çörek meseleleri, beýleki azyk önümleriniň importy bilen baglylykda, hökümetiň üçünji başlygy üçin hem uly synag bolup galýar.
A.Hajyýewiň pikiriçe, däne, bugdaý meselesi pagta meselesinden hem çylşyrymly ýa-da has heläkçilikli bolup görünýär.
Aýdaly, döwlet ýetişdirilen her tonna bugdaýa 2 müň manat nyrh belledi (2019-njy ýylda bu baha 800 manatdy). Bu, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň resmi kursuna görä, 571 dollar (2019-njy ýylda 228 dollar) bolýar.
Deňeşdirmek üçin aýdylsa, Gazagystan geçen ýyl, däne synpyna baglylykda, öz gallasyny daşary ýurtlara tonnasyny 220-240 dollar bahasyndan satdy. Portlardaky rus dänesiniň bahalary hasam arzan boldy. Onsoň bu ýerde derrew bir sorag döreýär: Türkmen dänesi näme üçin beýle gymmat?
FAO-nyň, BMG-niň Bütindünýä Azyk we oba hojalygy guramasynyň hünärmenleri 2007-nji ýylda biziň hökümetimiz üçin hasabat taýýarladylar, şol hasabatda Türkmenistandaky howa şertleriniň däne ösdürip ýetişdirmek üçin amatly däldigi, bu işiň peýdasyz boljakdygy aç-açan aýdyldy, ýetişdirilen bugdaýyň iýmlik dänedigi öňe sürüldi (mal iými - red.belligi).
Şeýle-de, hünärmenler 1992-2007-nji ýyllarda däne ekerançylygyna ýatyrylan düýpli maýa goýumlarynyň möçberiniň ABŞ-nyň 3,4 milliard dollaryndan hem köp bolandygyny bellediler.Bu serişdeler, däne ýetişdirmek üçin harçlanan pullar bilen Türkmenistan, degişli ýyllaryň bahalaryna laýyklykda, 30,6 million tonna bugdaý import edip bilerdi ýa-da öz öndüreninden 2,2 esse köp, has ýokary hilli däne satyn alyp bilerdi diýip, türkmen ykdysatçysy BMG-niň hünärmenlerine salgylanyp aýtdy.
Ýönekeý söz bilen aýdylanda, daýhanlar ýere 2 dollary gömüp, bir dollar aldylar. Nýazowyň oba hojalyk syýasaty häzir hem dowam etdirilýär, ýokarda deňeşdirmek üçin Türkmenistanda we Gazagystanda öndürilen bugdaýlaryň bahalaryna, 571 dollar baha hem-de 220-240 dollar nyrhlaryna salgylandym diýip, Hajyýew ýazýar.
Ykdysatçynyň öz çeşmelerine salgylanyp tassyklamagyna görä, türkmen häkimiýetleri ýurt içinde öndürilen iýmlik dänäni Gazagystandan import edilen däne bilen garyp, degirmenlerde üwedýär we onuň ununy ýokary hilli türkmen dänesiniň bahasyndan satýar, aradaky ýitgi bolsa türkmen halkynyň hasabyna doldurylýar.
Emma Azatlyk bu aýdylýany, şeýle-de oba hojalygynda dowam edýän beýleki nogsanlyklary garaşsyz ýagdaýda, ýerinde barlap we tassyklap bilmeýär.
Ykdysatçynyň maglumatyna görä, BMG-niň (FAO) hünärmenleri Türkmenistanyň oba hojalygynyň umumy girdejisini hem hasapladylar (minus çykdajylarynda). Bu görkeziji 2007-nji ýylda 565,1 million dollar bolup, her bir oba ýaşaýjysyna - 177 dollar, işe ukyply adama - 297 dollar we işleýäne - 643 dollar düşýändigini görkezdi.
"Oba ýaşaýjysyna her gün güzeran aýlamak üçin 0,5 dollardan hem az serişde ýetýär, işe ukyply adama 0,81 dollar, işleýän adama bolsa 1,76 dollar düşýär. Ýarym dollardan hem az serişde Afrikadakydan hem pes ýagdaýy görkezýär. Ýyllaryň geçmegi bilen, sanlar we bahalar üýtgese-de, ýurtdaky ýagdaý gowulaşmaýar, daýhanlar gul ýagdaýyna düşdi we bu gulçulyk Arkadag ýurdy diýilýände saklanyp galdy" diýip, Hajyýew ýazýar.
Onuň sözlerine görä, Berdimuhamedow oba hojalygy meselelerinde reformaçy bolup bilmedi, käbir üýtgetmeler bilen, Nyýazowyň döreden ýol-ýodasyndan gitdi. Netijede, bu iş usuly pudakdaky ulgamlaýyn kynçylyklara sebäp bolýar.
Şol bir wagtda, häkimiýetler oba hojalygyndaky ýerli emeldarlaryň we telekeçileriň köp sanly hile-pirimine göz ýumýar we bu ýagdaý oba ýaşaýjylarynyň ýagdaýyny has-da erbetleşdirýär diýip, ykdysatçy Annadurdy Hajyýew Azatlygyň soraglaryna beren ýazmaça jogabynda aýtdy.
Maglumat üçin aýdylsa, Gurbanguly Berdimuhamedow 2007-nji ýylda oba meselesini çözmek üçin näme etmeli bolsa etjekdigini söz beripdi we, türkmen daýhanlarynyň erksizligi, oba hojalygyndaky hile-pirimler, daýhanlaryň ýagdaýyny kynlaşdyrýan erksizlik sowet döwründen uç alýar.
Türkmenistanda daýhanlaryň we olaryň çagalarynyň düşen kyn ýagdaýyna doly düşünmek we oba hojalygynda hakyky bazar gatnaşyklaryna geçip başlamak, ýurtdaky işsizlik, garyplyk we azyk ýetmezçiligi meselelerini ymykly çözmek üçin "ozaly ýolbaşçylaryň we beýleki adamlaryň pagtaçylykda dörän ýagdaý, şol sanda sowet ýyllarynyň ahyryndaky "pagta işi" diýilýän barada, iň bolmanda Özbegistanda bilinýän zatlary bilmegi gerek; bu barada metbugatda ýazylmagy, açyk pikir alşylmagy, çeper eserleriň döredilmegi gerek" diýip, oba kynçylyklaryny gowy bilýän türkmen ýazyjysy, synçy Hudaýberdi Hally Azatlyk bilen eden telefon gürrüňinde aýtdy.
Onuň pikiriçe, metbugatyň ýapyklygy we prezidentleriň her bir çykaran kararynyň öwlüp-arşa çykarylmagy hakykatda Aşgabatdaky hökümetiň halkyň meselelerini çözmek isleýändigi barada aýdýanlaryny tassyklamaýar, kynçylyklaryň saklanjakdygyny yşarat edýär.
Maglumat üçin aýdylsa, Türkmen häkimiýetleri tejribeli daýhanlaryň we ýerli hünärmenleriň, şol sanda daşary ýurtlaryň, abraýly halkara guramalarynyň hünärmenleriniň ýurtdaky oba hojalyk syýasaty barada bildirýän aladalaryna açyk düşündiriş bermeýär.
Mysal üçin, Halkara pul gaznasynyň 2000-nji ýylyň 1-nji iýunynda çap eden makalasynda hem Türkmenistanyň häzirki oba syýasatyň dowam etdirilmeginiň býujete, orta daýhana we tutuş ykdysadyýete agyr ýük bolýandygy aýdyldy. Şeýle-de, bu makalada halkara haryt bazarlarynda bugdaýdan we pagtadan has girdejili bolan, däp bolmadyk oba hojalyk ekinlerini ösdürmäge, oba pudagy üçin hemmetaraplaýyn we yzygiderli özgertmeler strategiýasyna geçmäge çagyryldy.
Hormatly diňleýjiler, eýsem bu mesele, ýurt ilatynyň ýarysyndan hem köpüsiniň gün-güzerany, ýurt abadançylygy we azyk üpjünçiligi bilen gönüden-göni bagly bolan oba kynçylyklary barada siz näme pikir edýärsiňiz? Bu barada bize ýazsaňyz ýa telefon edip, pikiriňizi paýlaşsaňyz, sizden örän minnetdar bolardyk. Eger maglumat paýlaşsaňyz, pikiriňizi aýtsaňyz, Azatlyk siziň şahsyýetiňizi gizlin saklar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.