Prezident Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy

Prezident Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy

Türkmenistanda Halkara Bitaraplyk güni hem-de ýurduň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 29 ýyllygy giňden bellenildi. Prezident Serdar Berdimuhamedow 12-nji dekabr güni ir bilen Aşgabatda parahatçylygyň, ynsanperwerligiň nyşany bolan Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy. Bu barada TDH habar berýär.

Bellenilişi ýaly, irden Bitaraplyk binasynyň öňündäki meýdançada Mejlisiň we Halk Maslahatynyň wekilleri, Hökümet agzalary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Türkmenistanyň daşary döwletlerdäki, daşary döwletleriň we halkara guramalaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri ýygnandylar.

Bitaraplyk binasynyň öňündäki baýramçylyk äheňinde bezelen meýdançada hemmeler döwlet Baştutanyny uly ruhubelentlik bilen mübäreklediler.Dabaraly ýagdaýda Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanansoň, Prezident Serdar Berdimuhamedow merdana türkmen halkynyň parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýörelgeleriniň nyşany bolan Bitaraplyk binasyna gül çemenini goýdy.

Döwlet Baştutanynyň göreldesine eýerip, soňra beýleki dabara gatnaşyjylar hem gül desselerini goýdular.

Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli dabaralar ýurduň ähli sebitlerinde giňden ýaýbaňlandyryldy.

Ýene degişli makalalar

TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY GURBANGULY BERDIMUHAMEDOWYŇ BMG-NIŇ BAŞ SEKRETARY ANTONIU GUTERRIŞ BILEN TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIGI
Russiýanyň 'Nezawisimaýa Gazeta' neşiri Gurbanguly Berdimuhamedowa hüjüm etmekde günälendi
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GDA-NYŇ DÖWLET BAŞTUTANLARYNYŇ RESMI DÄL SAMMITINE GATNAŞDY
2024: TDG wadasy bitmedi, Aşgabat ýüzüni Günbatara tarap öwürýärmi?
Türkmenistanyň Prezidenti Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli dabaralara gatnaşdy
Türkmenistanyň we Malaýziýanyň ýokary okuw mekdepleri hyzmatdaşlyk eder