5-nji oktýabrda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hökümetiň giňişleýin maslahatyny geçirip, şu ýylyň dokuz aýynda edilen işleriň jemlerine seretdi diýip, TDH döwlet habar gullugy habar berýär.
“Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň ykdysadyýetiň oba hojalyk pudagyny zerur bolan mineral dökünler bilen kesgitlenen möçberde üpjün etmek baradaky önümçilik tabşyryklaryny yzygiderli ýagdaýda öz wagtynda berjaý edip bilmäýnäidigini belläp, prezident Ş.Meretliýewi döwlet konserniniň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmekden boşatdy we bu wezipä Nyýazly Nyýazlyýewi belledi.
Şeýle-de, senagat ministri A.Tüýliýewe we dokma senagaty ministri N.Gaýlyýewe eksport önümleriniň möçberiniň azalmagyna ýol berenligi üçin käýinç yglan edildi.
Türkmenistanyň prezidenti wise-premýer B.Annameredowa onuň gözegçilik edýän Demirýol transporty ministrliginiň we Döwlet deňiz we derýa tarnsporty gullugynyň edalarynda ýük çekmegiň depgininiň pesdigi üçin nägiledlik bildirdi we tekliplerini taýýarlamagy tabşyrdy. Şeýle-de ol demiraýol transporty ministri D.Bäşimowa käýinç yglan etdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow aragatnaşyk hyzmatlaryny etmegiň möçberiniň peselendigi üçin aragatnaşyk ministri B.Öwezowa käýinç yglan etdi.
Döwlet baştutany A.Atamyradowy Türkmenistanyň demirýol transporty ministriniň orunbasarlygyna ýelledi.
Ç.Ahmedowy gurluşyk we binagärlik ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetrimekden boşatmak, S.Selimowy Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap häkiminiň wezipesinden boşadyp, Türkmenistanyň gurluşyk we binägärlik ministriniň orunbasary wezipesine bellemek, şeýle-de oňa gurluşyk we binagärlik ministriniň wezipe-borçlarynywagtlaýyn ynanmak baradaky karara; Ş.Goçmyradowy Aşgabat şäher häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyp, Aşgabat şäheriniň Berkaralyk etrabynyň häkimi wezipesine bellemek; A.Ataýewi, özüne ynanylan wezipe-borçlarynyň hötdesinden gelmändigi üçin, Aşgabat şäheriniň Abdan etrabynyň häkimi wezipesinden boşatmak, şeýle-de bu wezipä R.Hydyrowy bellemek baradaky kararlara gol çekildi.
Prezidentiň karary bilen H.Rejebow Daşoguz şäher häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy. Bu wezipä Ş.Jumaýew bellenildi.
Şeýle-de, G.Myradalyýewi Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatrynyň baş direktory wezipesinden boşadyp, Türkmenistanyň medeniýet ministriniň orunbasary wezipesine bellemek, G.Annakowany “Adalat” agzetiniň baş redaktorynyň orunbasary wezipesine bellemk baradaky kararlara gol çekildi.
Döwlet baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň 2017-nji ýylyň dokuz aýyna bagyşlanan mejlisinde degişli resminamalara gol çekdi.