Prezident Berdimuhamedowa döwlet gurluşlaryndaky we býujet edaralarynsdaky korrupsiýa faktlary barada hasabat berildi

Ykdysady jenaýatlara garşy göreş gullugynyň Maksat Hudaýguluýew 5-nji iýulda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa “Türkmenhimiýa” döwlet konsernindäki we beýleki býujet edralarynyň bir toparyndaky korrupsiýa we ogurlyk faktlary hakynda hasabat berdi.

Hudaýgulyýewiň gürrüň bermegine görä, Türkmenhimiýa döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary wezipesinde işlän D.Aşyrmämmedow wezipe ygtyýarlyklaryndan hyýanatly peýdalanyp, karbamid önümini eksport etmek boýunça daşary ýurt kompaniýalary bilen baglaşylan şertnamalarda, olaryň ýolbaşçylaryndan yzygiderli para alandygy ýüze çykaryldy.

Türkmenhimiýa döwlet konserniniň Hazar himiýa zawodynyň direktory wezipesinde işlän A.Saparowyň gulluk ygtyýarlyklaryny hyýanatly peýdalanyp, döwlet emlägini bikanun eýeländigi we döwlete uly möçberde maddy zyýan ýetirendigi ýüze çykaryldy.

Geçirilen işleriň dowamynda, ýurdumyzyň bank ulgamynyň, Türkmenhimiýa döwlet konserniniň, Jemagat hojalygy, Oba we suw hojalyk ministrlikleriniň, Lebap welaýat häkimliginiň garamagyndaky käbir edara-kärhanalaryň yolbaşçy we jogapkär wezipeli işgärleriniň para alyp, döwlet emlägini bikanun eýeläp, döwlete maddy zyýan ýetirendikleri, şeýle-de käbir raýatlaryň bikanun walýuta söwdasy bilen meşgullanandyklary ýüze çykaryldy.

Olaryň her biri babatda jenaýat işleri gozgaldy, derňew işleri dowam edýär.

Jemagat hojalygy ministrliginiň Aşgabat şäher jemagat hojalygy birleşiginiň Aşgabat jemagat abatlaýyş gurluşyk müdirliginde geçirilen barlagyň dowamynda şol müdirligiň başlygy wezipesinde işlän S.Nyýazowyň gulluk ygtyýarlygyny hyýanatly peýdalanyp, özüne ynanylan dürli görnüşli gurluşyk harytlaryny bikanun eýeläp, şahsy bähbitleri üçin harçlandygy anyklanyldy. Ol jenaýatçylykly hereketlerini ýaşyrmak maksady bilen, bu gymmatlyklaryň ýerinde durandygy barada resminamalary galplaşdyrypdyr.

Oba we suw hojalyk ministrliginiň Maryşeker açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň direktory wezipesinde işlän Ç.Ataýewiň wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanyp, paýdarlar jemgyýetiniň taýýar önümler ammarynda duran şeker we gant önümlerini bikanun satyp, alan pul serişdesini paýdarlar jemgyýetine girdeji etmän, şahsy bähbitleri üçin harçlandygy, mundan başga-da, şugundyr hasylyny kabul ediş nokatlary üçin harytlary we iýmit önümlerini satyn alnan hökmünde resminamalary galp resmileşdirendigi anyklanyldy.

Lebap welaýat häkimliginiň düýpli gurluşyk müdirliginiň başlygy wezipesinde işlän Ý.Orunow wezipe ygtyýarlyklaryny hyýanatçylykly peýdalanyp, welaýatyň çäginde potratçy hökmünde gurluşyk işlerini amala aşyran hususy kärhanalaryň ýolbaşçylaryndan gurluşygyň hasaplaşyk tölegini geçirmekde emeli kynçylyklary döredip, para alandygy, şeýle-de gurulýan binalaryň we desgalaryň gurluşyk işleriniň ýerine ýetirilişine düýpli barlagy geçirmän, hasaplaşyk töleglerini tassyklap, döwlete maddy zyýan ýetirendigi ýüze çykaryldy.

Berdimuhamedow hasabat barada pikirini aýdyp, ähli ýolbaşçylara parahorluga we korrupsiýa garşy barlyşyksyz göreş alnyp baryljakdygy barada birnäçe gezek duýdurylandygyny belledi.

“Halkyň serişdesini ogurlamaga we bikanun eýelenen pullaryň hasabyna baýamaga hiç kimiň haky ýokdur” diýip, döwlet baştutany nygtady.

Ýene degişli makalalar

05.07.2018 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinden
Türkmenistanyň Prezidenti prokuratura edaralarynda wezipe çalşygyny geçirdi
Türkmen wekiliýeti “TürkmenistanABŞ” işewürlik geňeşiniň wekilleri bilen duşuşdy
Mary welaýatynda 18 müň gektara golaý meýdanda şugundyr hasyly ýetişdirildi
Mary welaýatynyň işewür telekeçileri gant şugundyryny köpçülikleýin ekýärler
Maryda häkimiýetler ten satýan zenanlary şugundyr hasylyny ýygnamak işlerine çekýär