Prezident Berdimuhamedow Ukrainanyň täze wezipä saýlanan prezidenti Zelenskiýni heniz gutlamady

Prezident Berdimuhamedow Ukrainanyň täze wezipä saýlanan prezidenti Zelenskiýni heniz gutlamady

21-nji aprelde Ukrainada geçirilen prezidentlik saýlawlarynyň ikinji tapgyrynda telewideniýe wäşisi Wolodymyr Zelenskiý umumy sesleriň 73 göteriminden gowragyny alyp uly ýeňiş gazandy.Zelenskiýniň gazanan ýeňşiniň yzýany ösen ýurtlaryň liderleri, şeýle-de käbir öňki sowet giňişligine girýän ýurtlaryň prezidentleri, şolaryň hatarynda Merkezi Aziýaly prezidentler täze ukrain prezidentini resmi derejede gutlady.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň liderlerinden Zelenskiýni ilkinji bolup, saýlawlaryň ertesi güni 22-nji aprelde Gazagystanyň geçiji prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew gutlady.Onuň yzýany 24-nji aprelde Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem-de Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon ukrainaly täze kärdeşlerine resmi gutlag hatlaryny ýollady. 25-nji aprelde Gyrgyzystanyň prezidenti Sooronbaý Žeenbekow hem Wolodymyr Zelenskiýni täze wezipä saýlanmagy mynasybetli gutlady. Ýöne Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow heniz ukrain kärdeşini gutlamady; bu barada Türkmenistanyň döwlet media we metbugat serişdelerinde maglumat berilmeýär. 22-nji aprelde Kreml hem Wolodymyr Zelenskiýni Wladimir Putiniň resmi derejede gutlamajakdygyny mälim etdi.

Türkmenistanyň döwlet metbugatynda Merkezi Aziýa regionynda bolup geçýän iň möhüm waka Gazagystanda prezident Nursultan Nazarbaýewiň wezipeden çekilmegi we onuň ornuna Kasym-Žomart Toakýewiň geçiji prezident wezipesine girişmegi, ýa-da ýurduň paýtagtynyň adynyň üýtgedilmegi, Gazagystanda geçiriljek prezidentlik saýlawlary barada-da maglumat berilmeýär. 30-njy aprelde Ukrainanyň Merkezi saýlaw komiteti ýurtda geçirilen prezidentlik saýlawlarynyň resmi netijelerini mälim etdi.

Oňa laýyklykda 13.5 milliondan gowrak ses bilen Wolodymyr Zelenskiý ýurduň prezidenti wezipesine saýlandy. Üstümizdäki bir aýyň dowamynda ukrain parlamenti täze prezidentiň kasam kabul ediş dabarasynyň wagtyny kesgitlemeli.Zelenksiý ýurduň täze prezidenti wezipesine saýlanan gijesi öňki sowet ýurtlarynyň halklaryna ýüzlenip, şeýle diýdi: “Öňki sowet ýurtlarynyň raýatlarynyň ählisine [ýüzlenýärin].

Serediň bize!Her zat mümkin” diýip, Zelenskiý öňki sowet giňişliginiň halklaryna ýüzlendi.Zelenskiýniň ýeňiş gazanmagynyň yzýany Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp, Kanadanyň premýer-ministri Jastin Trudo, Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron, Germaniýanyň kansleri Angela Merkel, britan premýer-ministr Tereza Meý ýaly iri döwletleriň lidereri Ukrainanyň täze wezipä saýlanan prezidentini ýokary derejeli wezipe mynasybetli gutladylar.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara arenada bolup geçýän soňky möhüm wakalardaky işjeňligi barada aýdylanda, ol 25 27-nji aprel aralygynda Hytaýyň paýtagty Pekinde geçirilen “Bir guşak, bir ýol” forumyna-da gatnaşmady.

Oňa 150 ýurduň wekilleri, şol sanda 37 ýurduň döwlet baştutanlary gatnaşdy.Türkmen hökümeti ýurduň daşary syýasatynyň içerki wagzynda Türkmenistanyň Hytaýyň “Bir guşak, bir ýol” başlangyçlarynda möhüm rol oýnaýandygyny tekrarlaýar.

Ýene degişli makalalar

Zelenskiý: Ukraina Russiýanyň basyp alan ýerlerini diplomatiýa arkaly  yzyna almak almak isleýär
Zelenskiý Baýdene “ýeňiş meýilnamasyny” hödürleýär
"Rus halky biziň uly doganymyz": SSSR respublikalarynyň gimnleri rus halkyny nädip wasp etdi; ony kolonizasiýa hasaplap bolarmy
Zelenskiniň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň liderleriniň Kremlden "gorkusy" barada aýdýany dogrumy?
"Azatlygyň" habaryndan soň, Berdimuhamedow Ukrainanyň saýlanan prezidentini gutlamaga howlukdy
Ukrainada galan türkmenler özara raýdaşlyk görkezip, uruşdan gaçmaga çalyşýar