Prezident Berdimuhamedow S.Nyýazowyň hormatyna atlandyrylan etraplaryň, şäherçeleriň we şäherleriň atlaryny üýtgetdi

Türkmenistanyň prezidenti Lebap welaýtynda iş saparynda bolup, Lebap welaýatynyň dolandyryş-çäk bölünişigini üýtegtmwek baradaky karara gol çekdi. Bu barada TDH döwlet habar gullugy habar berýär.

Karara laýyklykda, ýurduň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň hormatyna atlandyrylan birnäçe territorial birlikleriniň ýa ady üýtgedildi, ýa-da olar ýatyryldy. ý

Hususan-da Beýik Türkmenbaşy adyndaky etrap ýatyryldy, bu territoriýa indi Döwletli etrabyna geçirildi.

Nyýazowyň kakasynyň hormatyna atlandyrylan Atamyrat etraby we Atamyrat şäheri Kerki etraby we Kerki şäheri diýip, gaýtdan öňküsi ýaly atlandyryldy.

Serdarabat etraby (Serdar S.Nyýazowyň derejeleriniň biri) Çärjew etraby diýlip, gaýtadan atlandyryldy.

Dänew etrabynyň Nyýazow şäherçesi garaşsyzlyk şäherçesi diýlip, gaýtadan atlandyryldy.

Mundan başga, Lebap welaýatynyň başga-da ýatyrylan ýa atlary üýtgedilen etraplary, şäherçeleri we şäherleri boldy.

Türkmenistanyň Mejlisi karar kabul etdi:

1. Döwletli etrabynyň ýerlerinden 143852 ga ýeri Hojambaz etrabynyň dolandyryş çägine geçirmeli.

2. Magdanly, Seýdi şäherleriniň etrap hukukly şäher derejesini üýtgetmeli we olara etrapdaky şäher derejesini bermeli, Magdanly şäherini hem-de onuň Çärjew we Ýürekdepe geňeşliklerini Köýtendag etrabynyň, Seýdi şäherini we onuň Gabakly we Isbaz geňeşliklerini Galkynyş etrabynyň düzümine geçirmeli.

3. Döwletli etrabynyň Tallymerjen geňeşliginiň Tölekguýy obasyny Hojambaz etrabynyň Galkynyş geňeşliginiň düzümine geçirmeli.

4. Serdarabat etrabynyň Guşçular geňeşliginiň Guşçular obasyna şäherçe derejesini bermeli we bu geňeşligiň Darganly, Garawul, Marküş, Orazaly, Ulywahym, Ýaňyaryk obalaryny Guşçular şäherçesiniň dolandyryş tabynlygyna geçirmeli.

5. Şu etraplary ýatyrmaly, olaryň dolandyryş çäginiň ýerlerini we dolandyryş-çäk birliklerini degişli etraplaryň düzümine geçirmeli:1) Beýik Türkmenbaşy adyndaky etraby Döwletli etrabyna;2) Garaşsyzlyk etrabyny Galkynyş etrabyna;3) Garabekewül etrabyny Halaç etrabyna;4) Sakar etrabyny Saýat etrabyna.

6. Şu etraplaryň we şäherçeleriň adyny üýtgetmeli:1) Atamyrat etrabynyň we onuň Atamyrat şäheriniň adyny üýtgedip, olara Kerki adyny dakmaly;2) Birata etrabynyň we onuň Birata şäheriniň adyny üýtgedip, olara Darganata adyny dakmaly;3) Galkynyş etrabynyň we onuň Galkynyş şäheriniň adyny üýtgedip, olara Dänew adyny dakmaly;4) Serdarabat etrabynyň adyny üýtgedip, oňa Çärjew adyny dakmaly;5) Çärjew etrabynyň Guşçular şäherçesiniň adyny üýtgedip, oňa Çärjew adyny dakmaly;6) Dänew etrabynyň Nyýazow şäherçesiniň adyny üýtgedip, oňa Garaşsyzlyk adyny dakmaly.

Ýene degişli makalalar

27.11.2017 | Lebap welaýatynyň dolandyryş-çäk bölünişigine üýtgeşmeler girizildi
Lebap welaýatynyň dolandyryş-çäk bölünişigine üýtgeşmeler girizildi
27.11.2017 | Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisinde Lebap welaýatynda döwlet maksatnamasyny amala aşyrmak meselesine seredildi
Lebapda we Maryda migrantlaryň dolanmagy üçin indi ýaşululardan töwellaçy bolmak talap edilýär
25.09.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Lebap welaýatynyň dolandyryş-çäk gurluşyna giriziljek üýtgeşmeler