Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 18-nji sentýabrda Türkmenistandan “Amul-Hazar” rallisine gatnaşanlary ýeňil maşynlar bilen sylaglady.
100 nomerli ulagda üçünji orny eýelän sürüji Hojaguly Annamämmedow “Mercedes-Benz E200 Coupe” markaly awtomobil; onuň ýolbeledi Gaýgysyz Akmyradow “Toyota Avalon” markaly awtomobil bilen sylaglandy.
104 nomerli maşynda üçünji orny eýelän sürüji Guwançmyrat Hommadow we onuň ýolbeledi Rejepnyýaz Annaberdiýew “Toyota Camry” markaly maşyn bilen sylaglandy.
Mundanam başga, döwlet baştutany rallä gatnaşan türgenler we hünärmenler toparyna ýadygärlik nyşanlaryny gowşurdy.
TDH-nyň maglumatyna görä, “prezident 100 nomerli awtomobili ýurduň IIM-niň awtomobil sporty merkezine bermek kararyny yglan etdi”, ol bu maşynda ýaryşyň ilkinji tapgyryna gatnaşdy.
Şeýle-de döwlet baştutany “Africa Eco Race” guramasynyň başlygy Žan-Lýu Şlesser tarapyndan türkmen sportuna gowşurylan sylagy, özüniň rallide geýen ekipaž eşiklerini muzeýe tabşyrdy.