Wise-premýer Goçmyrat Myradow Ministrler kabinetiniň 27-nji aprelde geçirilen mejlisinde Aşgabat- Türkmenbaşy ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygynyň taslamasy baradaky Şertnamany ýerine ýetirmek boýunça geçirilen işler hakynda hasabat berdi.
Döwlet baştutany “Aşgabat-Türkmenbaşy ýokary tizlikli awtomobil ýolunda gurluşyk işleriniň öz wagtynda we ýokary hilli geçirilmeginiň wajypdygyny” belledi.
“Bu taslamany amala aşyrmak üçin zerur çäreler görülýär” diýip, Myradow hasabat berdi.
Ýatladýarys, “Türkmenistanyň Hronikasyna” türkmen hökümeti bilen şertnama baglaşyp, Aşgabat-Türkmenbaşy aralygyndaky awtobany gurýan türk firmasynyň “Pilimeksiň” gurluşyk işlerini bes edendigi, kompaniýanyň başlygynyň Türkmenistany terk edendigi mälim boldy.
TH-nyň anyklamagyna görä, türkmen häkimiýetleri türk kompaniýasynyň başlygy Erol Tabança bu ýoly öz hasabyna gurmagy we çykaran harajatlaryny soňra, işe girizilen ýoluň geljekde getirjek girdejilerinden almagy teklip etdiler.