Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy Sankt Peterburgyň Boris Nikolaýewiç Ýelsin adyndaky kitaphanasynda garşylady.GDA-nyň sammitine, şeýle-de, Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Aliýew, Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Gazagystanyň prezidenti Nursultan Nazarbaýew, Gyrgyzystanyň prezidenti Sooronbaý Jeenbekow, Molodowanyň prezidenti Igor Dodon, Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin, Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon hem-de Ermenistanyň premýer ministri wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Nikol Paşinýan gatnaşdy.
Türkmenistanyň döwlet metbugatynyň habar bermegine görä, resmi däl duşuşygyň dowamynda Arkalaşyga agza ýurtlaryň döwlet baştutanlary özara gatnaşyklaryň ugurlaryny we halkara häsiýetli meseleleriň birnäçesini maslahat etdiler.Duşuşykdan soň oňa gatnaşyjylara rus prezidenti Wladimir Putiniň adyndan resmi däl günortanlyk nahary berildi. Şeýle-de, myhmanlara “Leningrad Merkez” medeni-dynç alyş merkezinde, “şüweleňli masksatnamana teklip edildi” diýip, TDH ýazýar.
Soňra döwlet baştutanlary Sankt Peterburgyň “Mariinskiý teatrynda” Pýotr Ilýiç Çaýkowskiniň döreden “Şelkunçik” atly baletine tomaşa etdiler.Türkmenistan GDA-nyň assosirlenen agzasydyr. Ýatladyp geçsek, şu ýylyň 27 28-nji sentýabrynda GDA-nyň Duşenbede geçirilen resmi sammitine türkmen prezidenti gatnaşmady.
Ol şonda GDA-nyň geňeşine gatnaşjak türkmen wekiliýetine ýolbaşçylyk etmegi Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary Pürli Agamyradowa tabşyrypdy.Türkmenistan 2019-njy ýylda GDA guramasyna başlyklyk eder.Türkmen döwlet metbugatynyň 6-njy dekabrda ýazmagyna görä, Türkmenistan üstümizdäki ýyl Arkalaşyga başlyk etmegiň konsepsiýasynyny işläp taýýarlady hem-de ony GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetine hödürledi.
Habarda aýdylmagyna görä, Türkmenistanyň hödürlän konsepsiýasynda “döwletleriň arasyndaky ynanyşmak ýagdaýyny pugtalandyrmak, durnuklylyk, howpsuzlyk” we beýleki käbir möhüm meseleler Türkmenistanyň başlyklygynyň ileri tutulýan ugurlary bolup durýar.Howpsuzlyk barada aýdylanda, 14-nji noýabrda GDA agza ýurtlaryň Serkerdebaşylar geňeşiniň Gyrgyzystanyň Tokmok şäherinde geçiren duşuşgynda oňa gatnaşyjylar GDA bilen Owganystanyň çägindäki howpsuzlyk şertlerine alada bildirdiler, diýip RIA Nowosti habar berdi.
Galyberse-de, GDA agza ýurtlaryň howpsuzlyk boýunça ýokary wekilleriniň 21-nji noýabrda Moskwada geçiren duşuşygynda eden çykyşynda Kollektiw howpsuzlyk şertnamasy guramasynyň ýolbaşçysy Waleriý Semerikow Owganystanyň türkmen we täjik araçäkleriniň howpsuzlygyna alada bildirildi.
Türkmenistanyň GDA boýunça işläp düzen 2019-njy ýyl üçin konsepsiýasynda ýurtlaryň arasynda medeniýet, ylym-bilim we ynsanperwerçilik ugurlarynda-da hyzmatdaşlygyň ileri tutulýandygy bellenýär.Galyberse-de, döwlet metbugatynyň ýazmagyna görä, Türkmenistan 2019-njy ýylda Arkalaşygyň çäginde sportuň milli görnüşlerini goldamak we ösdürmek boýunça programmanyň ýerine ýetirilmegine ähmiýet berer.
Synçylaryň aýtmagyna görä, Arkalaşyga başlyklyk döwletleriň atlarynyň elipýi tertibine görä bellenilýär.Prezident Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasyna eden bir günlük iş sapary düýn 6-njy dekabrda tamamlandy.GDA-nyň hökümet baştutanlarynyň nobatdaky resmi sammiti 2019-njy ýylyň oktýabr aýynda Aşgabatda geçer.