Türkmenistantň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 6-njy dekabrda GDA gatnaşyjy döwletleriniň ýolbaşçylarynyň Sankt-Peterburgda geçirilen näresmi duşuşygyna gatnaşdy.
Duşuşyk Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenkonyň, Ermenistanyň premýer-ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Nikol Paşinýanyň, Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýewiň, Gyrgyzystanyň prezidenti Sooronbaý Žeenbekowyň we Moldowanyň prezidenti Igor Dodonyň gatnaşmagyna geçdi.
Kremliň metbugat gullugy duşuşygyň jikme-jikliklerini habar bermeýär. GDA ýurtlarynyň ýolbaşçylarynyň ýylyň jemlerini jemländikleri bellenilýär. Nahar başyndaky söhbet görünşinde geçirilen sammit başlanmazyndan öň surata düşmek dabarasy boldy.
“Duşuşyk öňünden tassyklanmadyk gün tertibi esasynda geçirildi: islendik gatnaşyjynyň islän meselesini gozgap bilmegi üçin näresmi gürrüňdeşlik boldy” diýip, metbugat gullugy belleýär.
Kremliň metbugat gullugynyň fotosy
TDH-nyň maglumatyna görä, Gurbanguly Berdimuhamedowhyzmatdaşlygyň esasy ileri tutulýan ugry hökmünde bilim pudagyny agzady.
Sebäbi 2019-njy ýylda GDA ýurtlarynda Kitap ýyly diýip yglan edildi, şu sebäpden medeni aň-bilim çärelerine we kitap sergilerini guramak işlerine aýtratyn üns berler.
GDA gatnaşyjy ýurtlaryň ýolbaşçylary nahardan soň marinskiý teatryna ugradylar we ol ýerde P.I.Çaýkowskiniň “Jokjokyjyk” baletine tomaşa etdiler.
Belleýäris, 2019-njy ýylda GDA Türkmenistan başlyklyk eder. Şunuň bilen baglylykda, başlyklyk etmegiň konsepsiýasy we ony amala aşyrmagyň meýilnamasy işlenip taýýarlanyldy hem-de GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetine hödürlenildi.
Döwletleriň arasyndaky ynanyşmak ýagdaýyny pugtalandyrmak, durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, syýasy-diplomatik gatnaşyklary pugtalandyrmak, GDA-nyň halkara guramalar hyzmatdaşlygynyň derejesini ýokarlandyrmak, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek ileri tutulýan wezipeler hökmünde kesgitlenildi.
GDA ýurtlary bilen özara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde energetika, transport we aragatnaşyk agzaldy.
Iş saparynyň programmasy tamam bolandan soň, Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistana dolandy.