Prezident Berdimuhamedow Gazagystana sapar edýär

Prezident Berdimuhamedow Gazagystana sapar edýär

9-njy awgustda Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow iş sapary bilen Gazagystana geldi.

Resmi türkmen maglumatyna görä, ol paýtagt Astanada Merkezi Aziýa döwletleriniň liderleriniň altynjy konsultatiw duşuşygyna gatnaşar.

5-nji awgustda Berdimuhamedowyň özüniň gazak kärdeşi bilen geçiren telefon söhbetdeşliginiň dowamynda, Tokaýew ony bu duşuşyga we “Merkezi Aziýa Ýaponiýa” dialogynyň birinji sammitine gatnaşmaga hem çagyrypdy.

Şol söhbetiň dowamynda, gazak prezidentiniň güýzde Türkmenistana amala aşyrmagyna garaşylýan saparyna görülýän taýýarlyklar barada hem maslahat edildi. Ýöne mümkin saparyň takyk senesi aýdyňlaşdyrylmady.

Ýene degişli makalalar

"Çarwadar halklaryň medeniýetiniň baýramy". Çarwadarlaryň bütindünýä Oýunlary nädip döredildi?
Türkiyäniň Milli Goranmak ministri Gazagystanyň prezidenti tarapyndan kabul edildi
Türki döwletleriň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary
Türki dilli döwletleriň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary
Gazagystanyň Prezidenti resmi sapar bilen Türkmenistana geler
Indiki duşuşyk Özbegistanda guralar