Prezident Berdimuhamedow Aziadanyň hormatyna guralan tigirli ýörişe gatnaşdy (foto)

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 29-njy iýulda Aziadanyň başlanmagyna 50 gün galmagy mynasybetli geçirilýän tigirli ýörişe gatnaşdy

Aksiýa Mejlisiň başlygynyň, ministrleriň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, metbugatyň we Türkmenistandaky daşary ýurt ilçihanalaryň we halkara guramalarynyň wekilleriniň, hormatly ýaşulularyň we ýaşlaryň gatnaşmagynda geçdi.

Tigirli ýöriş Ýandybil şaýolundan başlandy. Ýolugruna çäre hem geçirildi. Tigirli ýöriş ýurduň paýtagtynyň baş meýdançasynda, ýörişe gatnaşýanlara konsert programmasynyň garaşýan ýerinde tamamlandy.

“Türkmenistan: Altyn asyr” saýtynyň maglumatyna görä, tigirli ýörişe 7 müň 700-den gowrak adam gatnaşdy.

“Türkmenistanyň Hronikasynyň” habarçylarynyň ýurt içinden beren maglumatyna görä, transport ganawynyň gadaganlygy üçin şol gün Aşgabadyň köçelrri çolaryp galdy, ilat arasynda taksi üstünde dawa-jenjeller turdy.

Ýene degişli makalalar

Mewlüt Çawuşogly Bosniýa-Gersegowinada saparda bolýar
Türkmen resmileri Saglyk gününi belleýär, ilat yzly-yzyna çärä çekilýär
Tigirli ýörişlere mejbury çekilen käbir býujet işgärleriniň burny ganady, käbirleri huşuny ýitirdi
Diňle: Tigirli ýörişlere mejbury çekilen käbir býujet işgärleriniň burny ganady, käbirleri huşuny ýitirdi
Harytlary salgysyna eltýän sürüjisiz ulaglar işe giriziler
Prezidentiň tigriň üstünde sapançadan ok atyşy sosial medianyň we halkara metbugatynyň ünsüni çekdi
Aşgabatda awtoulaglaryň gatnawy doly ýatyrylyp, jemgyýetçilik transportlary çäklendirildi