Prezident Berdimuhamedow Aşgabady Bedew baýramçylygynyň öňünden berk tämizlemegi buýurdy

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 22-nji aprelde wideoşekilli maslahat geçirip, Aşgabadyň häkimi Şamuhammet Durdylyýewe Türkmen bedewiniň milli baýramyna gabat “paýtagtyň ähli künjeklerinde arassaçylygy berjaý etmek boýunça çäreleriň toplumyny üpjün etmek bilen, bu işi hemişe gözegçilikde saklamagy” buýurdy.

Baýramçylyk ýekşenbede, 27-nji aprelde geçiriler. Aşgabadyň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna medeni programma teklip ediler diýip, Durdylyýew habar berdi.

Türkmenistanyň günorta regionlaryna martyň ortasynda ýagan dowamly ýagyşlar oba-şäherleriň bir toparyna sil gelmegine sebäp boldy.

13-nji aprelde Aşgabadyň ençeme etrabyny suw basdy.

Jemagat hojalygynyň işgärleri häzir sil suwlarynyň eden weýrançylyklarynyň garşysyna göreşýärler we şäheriň baş köçelerini läbik hapadan arasslamaga çalyşýarlar.

“Azatlyk” radiosynyň habar bermegine görä, köçe süpürijileri dynç alyş günlerinde we işden artyk sagatlarda hem işlemäge mejbur edýärler.

“Dürli guramalaryň işgärlerini suw guramasynyň, parklara, suw çüwdürimlerine gözegçilik edýän, liftleri bejerýän edaralaryň işgärlerini kanun boýunça iş wagtyndan daşary işlemäge mejbur edýärler. Olar tutuş şäheriň içinde haşal otlary goparýarlar, gijelerine el bilen ýollary ýuwýarlar, köçe süpürýärler we baglary arassalaýarlar. Ýagyn ýaganda köçelerdäki suwy sübse bilen ýygnaýarlar” diýip, “Azatlygyň” habarçysy habar berýär.

“Gismeteo” howa maglumatlary guramasynyň çaklamalaryna görä, Aşgabatda gelýän iki hepde hem ýagyşly howa bolar.

Ýene degişli makalalar

Güýçli ýagyn paýtagtyň we welaýatlaryň ýaşaýjylaryna zyýan ýetirdi
Aşgabatda we Türkmenabatda ýagan güýçli ýagyş köçelerde we ýerzeminlerde suwlaryň üýşmegine getirdi
Mary: Gar gatyşykly ýagyş oba ýollaryny palçyga bulady, şäher ýollarynda arassaçylyk güýçlendirildi
Çoganlynyň, Şoruň we Garadamagyň köçelerini ýagyn suwlary basdy
Aşgabadyň köçe süpürijileri iş wagtyndan daşary işlemäge mejbur edilýärler
Türkmenbaşy, Balkanabat we Serhetabat şäherlerine suw-sil geldi
Tagtabazarda sil ýüzlerçe öýi ýumurdy