Prezident Berdimuhamedow “Altyn asyr” kölüniň boýunda şäherçeleri gurmagy tabşyrdy

Ministrler kabinetiniň 31-nji awgustda geçirilen maslahatynda Garaşor tebigy çöketliginde, Balkan, Daşoguz we Ahal welaýatlarynyň tasdan sepleşýän çatrygynda ýerleşýän “Altyn asyr” türkmen kölüni abadanlaşdyrmak boýunça toplumlaýyn çäreleri amala aşyrmak karar edildi.

— Häzirki döwürde bu künjek ekologiýa taýdan arassa zolak bolup durýar. Şoňa görä-de, bu ýerde şäherçeleri gurmaly diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Agro senegat toplumy boýunça wise-premýer Esenmyrat Orazgeldiýewe bu ýere ýygnanan suwy gaýtadan işläp, netijeli ulanmak boýunça kärhanalary döretmek, balykçylygy ösdürmek tabşyryldy diýip, TDH habar berýär.

Garagumdaky emeli suw howdany bolan “Altyn asyr” kölüniň gurluşygy 2000-nji ýyllarda, ozalky prezident Saparmyrat Nyýazowyň döwründe başlandy. Garaşor tebigy çöketligini Lebap, Mary we Ahal welaýatlarynyň ekein meýdanlaryndan toplanan kollektor-drenaž suwlary bilen doldurmak karar edildi we munuň üçin 800 kilometrlik zeýkeş kanallary guruldy.

“Altyn asyr” suw howdanynyň gaýgyly ykbaly baradaky has doly maglumatlary şu ýerden okap bilersiňiz.

Ýene degişli makalalar

'Altyn Asyr' türkmen köli taslamasy näme üçin şowsuz boldy?
Balyk kyssasynyň gussasy; Aşgabat D witamini bilen bagly ýagdaýlaryň 'öňüni alýar'
03.11.2017 | Türkmen-täjik gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykdy
20.06.2018 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary derejeli Halkara maslahatyna gatnaşdy
20.06.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Durnukly ösüş üçin suw” ýokary derejeli halkara maslahatynda eden çykyşy
Türkmenistanyň balyk senagaty “agsaýar”