Prezident Berdimuhamedow Ahal, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň häkimlerine käýinç’ yglan etdi

Prezident Berdimuhamedow Ahal, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň häkimlerine käýinç’ yglan etdi

6-njy awgustda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatlaryň, hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi.Onuň gün tertibinde üç meselä, ýagny “regionlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek”, “möwsümleýin oba hojalyk işleri”, hem-de üstümizdäki “baýramçylyklara görülýän taýýarlyklar” barada gürrüň edilipdir.

Maslahatyň dowamynda prezident Ahal, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň häkimleriniň dördüsine birden käýinç yglan etdi.Bu barada Türkmenistanyň döwlet habarlar gullugy (TDH) maglumat berýär.

Habarda aýdylmagyna görä, Ahal welaýatynyň häkimi Şöhrat Amangeldiýewe, Daşoguz welaýatynyň häkimi Mämmet Baýramgulyýewe, Lebap welaýatynyň häkimi Taňryguly Atahallyýewe hem-de Mary welaýatynyň häkimi Döwranberdi Annaberdiýewe “käýinç” yglan edildi.

/*

initInfographics(

{

groups:[],

params:[],

isMobile:true

});

#GR-952-telegram {

outline:1px solid #DEE1E2;

height: 73px;

padding: 0px 10px;

float: none;

}

#GR-952-telegram img {

width: 60px;

}

#GR-952-telegram:hover {

outline: 2px solid #61a8de;

}

#GR-952-telegram .text {

margin-right: 20px;

text-align: center;

}

#GR-952-telegram span {

color: #61a8de;

}

#GR-952-telegram p {

font-size: 18px;

margin:0;

color: #7C858D;

line-height: 1.2;

}

@media (min-width: 640px) {

#GR-952-telegram p {

font-size: 21px;

}

#GR-952-telegram img {

width:130px;

}

}

Azatlyk Radiosynyň Telegram kanalyna ýazylyň

“Wezipe borçlaryny talabalaýyk berjaý etmän, welaýatda ýerli býujete salgytlary ýygnamagyň tabşyryklarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmändigi üçin” diýip, türkmen mediasy yglan edilen käýinçleriň sebäpleri barada habar berdi.

Adatça, türkmen metbugatynda, prezidentiň geçirýän hökümet ýygnaklarynyň dowamynda ýokary derejeli resmilere yglan edilýän “käýinçlere” “işde goýberen düýpli kemçilikleri” üçin diýlip, umumy düşündiriş berilýärdi, hem-de goýberilýär diýilýän “düýpli kemçilikleriň” tebigaty aýdyňlaşdyrylmaýardy.

Düýn yglan edilen käýinçleriň sebäpleri belli bir derejede aýdyňlaşdyrylýar. Olaryň özenini “ýerli býujet” hem-de “salgytlar” düzýär.​

Kanuçylyk

Türkmenistanyň salgyt ulgamyny ýurtda 2004-nji ýylyň oktýabr aýynda kabul edilen “Salgytlar Hakyndaky Bitewi Kanun” düzgünleşdirýär.

Şeýle-de, ýurduň býujet sistemasyny 2014-nji ýylyň mart aýynda kabul edilip, 2015-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda güýje giren “Türkmenistanyň Býujet Kodeksi” düzgünleşdirýär.

“Türkmenistanyň Býujet kodeksini tassyklamak we güýje girizmek hakynda” prezident Berdimuhamedowyň 2014-nji ýylyň 1-nji martynda tassyklan kanunynda, Türkmenistanda Býujet kodeksiniň düzgünleriniň berjaý edilmegine tapgyrlaýyn geçmek, şol sanda 2016-2018-nji ýyllar aralygynda býujetiň ýerine ýetirilmegini 1996-njy ýylda kabul edilen “Býujet sistemasy hakyndaky” köne kanun esasynda düzgünleşdirmek göz öňünde tutulypdy.

Türkmenistanyň her ýyl üçin Döwlet býujeti ýurduň parlamentinde kanun hökmünde kabul edilip, ol Merkezleşdirilen býujetiň hem-de Ýerli býujetleriň serişdelerini öz içine alýar.​

Ýerli býujete kimlerden ýygym alynýar?

Düýn geçirilen hökümet maslahatynda beýleki dört welaýatyň häkimlerinden tapawutlylykda, Balkan welaýatynyň häkimine “ýerli býujet üçin salgytlar” boýunça käýinç yglan edilmedi, oňa diňe “welaýatda bu ugurda bar bolan kemçilikleri düzetmek” hakynda görkezme berildi.

Türkmen metbugatynda ýerli býujetlere esasan kimlerden ýygnalan salgytlaryň nähili möçberde goşant goşýandygy barada jikme-jik maglumatlar agzalmaýar. Ýöne, resmi media ýurtda hususy telekeçilige üns berilýändigini, hususyýetçileriň döwlet gaznasyna goşant goşýandygyny yzygiderli tekrarlaýar.

Mundan ozal, Azatlyk Radiosynda welaýatlarda häkimiýetler tarapyndan "eden-etdilikli" jerime töledilýän ulag sürüjileri barada käbir maglumatlar peýda bolupdy. Bu ýagdaýy ýerli synçylar “ýerli býujeti” dolmak ugrunda edilýän “tagallalara” meňzedipdi.

Wideoşekilli maslahatyň dowamynda prezident Berdimuhamedow welaýatlarda alnyp barylýan oba hojalyk işleri hem-de welaýatlardaky dürli desgalaryň gurluşyk işleri boýunça-da häkimlere käbir bellikleri aýdypdyr.

Ýene degişli makalalar

Prezident ýurduň çar künjegine gelen siliň oňaýsyz täsirini agzamazdan, häkimlerden bol hasyl talap edýär
06.08.2018 | Resmi habarlar
11.04.2018 | Resmi habarlar
Prezident Berdimuhamdow Daşogzuň we Lebabayň häkimlerine soňky duýduryşlaryny berdi
Prezident ýygnak geçirip, ýene-de bir gezek ýurduň obasenagat toplumyny maslahat etdi
Resmi habarlar