12-nji aprelde, Ministrler kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň barşynda prezident Gurbanguly Berdimuhamdow Daşoguz welaýatynyň häkimi Mämmet Baýramgulyýewe we Lebap welaýatynyň häkimi Taňryguly Atahallyýewe soňky duýduryşlary bilen käýinç yglan etdi.
Prezidentiň aýtmagyna görä, Daşoguz welaýatynda “senagat pudagy talabalaýyk ösdürilmeýär, şoňa görä-de, ýeterlik iş orunlary döredilmeýär, Oba milli maksatnamasy doly möçberde durmuşa geçirilmeýär, şeýlelikde, ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy ýaramaz alnyp barylýar diýip belledi. Häkim tarapyndan bolsa bu meseleleri çözmek boýunça hiç hili teklip gelip gowuşmaýar.”
Lebabpda prezident dolandyryş işleriniň guralyşynyň derejesiniň pesdigini belledi. “Suwaryş ulgamlaryny arassalamak hem-de olary tertibe salmak boýunça işler göwnejaý derejede guralmaýar, Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde gurulmagy göz öňünde tutulan desgalar doly möçberde gurlup gutarylmaýar, gurlan desgalaryň hili ýaramaz” diýip,döwlet baştutany aýtdy.