Prezident Balkan welaýatynyň käbir etrap häkimlerini täzeledi

Prezident Balkan welaýatynyň käbir etrap häkimlerini täzeledi

9-njy fewralda geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatynyň käbir etraplaryna täze häkimleri wezipä bellemek hakyndaky Permanlara gol çekdi.

TDH-nyň habar bermegine görä, döwlet Baştutanynyň gol çeken resminamalaryna laýyklykda:

Gylyjow Nurahmet Kömekowiç, özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň häkimi wezipesinden boşadyldy.

Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň häkimi wezipesine Aşyrmyrat Musakowiç Öwezow bellenip, ol ozalky etrap häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy.

Kürenow Küren Durdymämmedowiç, özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň häkimi wezipesinden boşadyldy.

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň häkimi wezipesine Meýlis Mergenowiç Mergenow bellenildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti täze ýolbaşçylary wezipä belledi
Türkmenistan Kipr Respublikasyna ilçi belledi
Teatr sungatyna ömrüni örklän halypa
Türkmenistanyň Prezidenti kazylary wezipä belledi we boşatdy
Türkmenistan bilen Weneto bilelikdäki işewürlik-forumyna taýýarlyk görýär
Türkmen-italýan iş toparynyň medeni hyzmatdaşlyk boýunça duşuşygy geçirildi